Türkmenistan bilen HHR-iň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy 20 ýylyň içinde giň gerimde ösdürildi
20:43 16.04.2026 1969
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda gaz pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow çykyş etdi. Ol şu günüň Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dostluk we özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda taryhy dabaraly günleriň biridigini belledi.
Şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek we Türkmenistandan Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gazy ibermek hakyndaky Baş ylalaşyga 2006-njy ýylyň 3-nji aprelinde gol çekilmeginiň 20 ýyllygy dolýar.
Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy uly ösüşlere eýe boldy. Häzirki wagtda Prezident Serdar Berdimuhamedow bu möhüm başlangyçlary ýokary derejede üstünlikli dowam etdirýär.
Wise-premýer iki döwletiň gaz pudagyndaky 20 ýyllyk hyzmatdaşlygynyň dowamynda, amatly maýa goýum gurşawynyň esasynda birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilendigini belledi.
Olaryň hatarynda uzynlygy 7000 kilometrden gowrak bolan türkmen-hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygy we ulanmaga berilmegi; «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägi boýunça Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy bilen önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamanyň baglaşylmagy; «Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäginde gurlan, ýylda 30 milliard kubometr harytlyk gaz öndürmäge ukyply desgalaryň açylmagy; «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginiň gaz ýataklarynda «Gadyn» gaz ýygyjy nokadynyň ulanmaga berilmegi; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň IV tapgyry boýunça şertnamanyň baglaşylmagy bar.
Wise-premýer ýerine ýetirilen işleriň we baglaşylan şertnamalaryň netijesinde, Hytaý bazaryna iberilen türkmen tebigy gazynyň möçberiniň eýýäm 462 milliard kub metrden geçendigini we geljekde bu mukdaryň has-da artjakdygyny buýsanç bilen belledi.
Ol türkmen-hytaý gaz geçirijisiniň asyrlar boýy Türkmenistan bilen Hytaýy baglan, Gündogar bilen Günbatary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap dowamyna öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Guwanç Agajanowyň bellemegine görä, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky — dördünji tapgyry boýunça işleriň «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) bilelikdäki tagallalary bilen başlanmagy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň rowaçlanýandygynyň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.
Wise-premýer bu ädimleriň iki döwletiň arasyndaky özara bähbitli syýasy we ykdysady gatnaşyklary has-da berkitmek, hyzmatdaşlygyň düýbünden täze ugurlaryny ösdürmek üçin ygtybarly binýat boljakdygyny nygtady.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy
2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi
«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.
Nebit RF-niň ABŞ-a ibermelerini togtatmak mümkinçiligi zerarly barreli üçin 139 dollara çenli ýokarlandy
Duşenbe güni nebit barreli üçin 140 dollara çenli ýetip, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Russiýanyň importyna gadaganlyk goýmak mümkinçiliginiň netijesinde ýüze çykdy, diýip Interfaks habar berýär.