TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtly işewürler suwuklandyrylan gaz we dizel fraksiýasyny satyn aldylar
10:12 21.05.2026 965
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny («Türkmenhimiýa» döwlet konserni) satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Gonkongyň, Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, pagta ýagynyň galyndylarynyň düzümindäki ýagly turşulyklar, buýan köküniň gury ekstrakty, çig ýüpek, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 66 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 118 million 350 müň manada deň bolan binýatlyk ýagyny, aşgarlanmadyk matany, arassalanan pagta ýagyny, şeýle hem bugdaý ununy satyn aldylar.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy
2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi
«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.
Nebit RF-niň ABŞ-a ibermelerini togtatmak mümkinçiligi zerarly barreli üçin 139 dollara çenli ýokarlandy
Duşenbe güni nebit barreli üçin 140 dollara çenli ýetip, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Russiýanyň importyna gadaganlyk goýmak mümkinçiliginiň netijesinde ýüze çykdy, diýip Interfaks habar berýär.