Londonda Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky iň iri işewürlik sapary tamamlandy
23:13 22.05.2026 849
Londonda 2026-njy ýylda Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky iň uly işewürlik missiýasy — UK–Turkmenistan B2B Trade Mission 2026 tamamlandy.
Türkmen we britan kompaniýalary iki ýurduň işewür jemgyýetçilikleriniň arasynda amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe işewür duşuşyklara, pudaklaýyn saparlara we çärelere gatnaşdylar.
Köp sanly duşuşyklara 28 sany türkmen kompaniýasy we 40-dan gowrak britan guramasy gatnaşdy. Netijede 10 sany özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalara gol çekildi.
Hyzmatdaşlygyň geljegi birnäçe pudakda, şol sanda nebitgaz pudagynda, dokma senagatynda, logistikada, gurluşykda, hukuk we maliýe hyzmatlarynda, oba hojalyk we azyk pudagynda, bilim hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Saparyň jemleýji gününde gatnaşyjylaryň öňünde Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon we Günbatar London Söwda palatasynyň prezidenti Kristofer Derkin çykyş etdiler. Olar britan-türkmen işewür hyzmatdaşlygyny goldamagyň gurallaryny we geljekki işewür alyş-çalyşlaryň mümkinçiliklerini görkezdiler, diýip «Turkmen Expo» habar berýär.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy
2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi
«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.
Nebit RF-niň ABŞ-a ibermelerini togtatmak mümkinçiligi zerarly barreli üçin 139 dollara çenli ýokarlandy
Duşenbe güni nebit barreli üçin 140 dollara çenli ýetip, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Russiýanyň importyna gadaganlyk goýmak mümkinçiliginiň netijesinde ýüze çykdy, diýip Interfaks habar berýär.