Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçylary ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
16:15 26.02.2021 6477
Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri üç ýurduň daşary işler ministrleriniň çarşenbe güni Ankarada geçiren duşuşygynyň gün tertibiniň esasyny düzdi, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Diplomatlar öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň meseleleri, şol sanda Lapis-Lazuli ulag geçelgesiniň işjeňleşdirilmegi ugrunda özara hereketleriň ýygjamlaşdyrylmagynyň zerurlygy dogrusynda pikir alyşdylar.
Taraplar ýangyç-energetika, söwda-ykdysady we ulag-logistika ulgamlarynda, şeýle-de ýokary tehnologiýalar ugrunda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ýaýbaňlandyrylmagy üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri bu duşuşygyň taryhy ähmiýetini nygtamak bilen, hereketleriň bu guralynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşine hemmetaraplaýyn itergi berýändigini belledi.
Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy doganlyk we dostlukly ýurtlaryň arasyndaky özaragatnaşyklaryň bu üçtaraplaýyn formatynyň tutuş sebitiň gülläp-ösüşine we durnuklylygyna ähmiýetli goşant goşýandygyny nygtady.
Öz gezeginde, Azerbaýjanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy sebit derejesinde energetika ulgamynda özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna giň mümkinçilikleriň döredilmegine ýardam etjek Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň ähmiýetliligini we derwaýyslygyny aýratyn belläp geçdi.
Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň bäşinji üçtaraplaýyn duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekildi.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.
«Nebitgazçykaryş»: 11 aýda 503 sany guýy abatlanyldy
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň «Nebitgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri 2021-nji ýylyň başyndan bäri ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Kärhana ýanwar-noýabr aýlarynda 503 sany guýyny abatlap, ulanyşa girizdi.
Hökümet mejlisinde Balkan welaýatyndaky nebitgaz kärhanalarynyň işine garaldy
Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Balkan welaýatynda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işi hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 90 million dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.
“Türkmengaz” DK-nyň “Şatlyk” şypahanasy: dynç alyş hem sagaldyş
“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Marygazçykaryş” müdirliginiň “Şatlyk” şypahanasy eýýäm 40 ýyldan gowrak wagt bäri nebitgaz pudagynyň işgärlerine ýokary hilli hyzmatlaryny hödürläp gelýär.