Türkmenistanyň Prezidenti: nebitgaz toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak şu günüň wajyp wezipesi bolup durýar

22:02 02.03.2021 7610

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/1757/original-1603c7f08ea7e4.jpeg

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan wezipeleri maslahatlaşyldy. Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebitiň çykarylýan mukdaryny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Demirgazyk Goturdepe meýdançasynda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan ulanyş we gözleg guýularynyň gazuw işleriniň alnyp barylýandygy, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan bolsa aşaky gatlagy özleşdirmek maksady bilen, gözleg guýularynyň gazuw işleriniň ýerine ýetirilýändigi bellenildi.

Guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak hem-de täze guýulary burawlamak boýunça hyzmatlar amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň günbatarynda hem täze açylan Uzynada meýdançasyny özleşdirmek işi dowam edýär. Häzirki wagtda bu ýerde birnäçe guýudan önüm alnyp, täze guýulary burawlamak işleri ýerine ýetirilýärler.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetirilen 2D seýsmiki gözleg-barlag işleriniň netijesinde ýüze çykarylan Günorta Uzynada meýdançasynda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan çuňlugy 6 müň 300 metr bolan gözleg guýusynyň gazuw işleri alnyp barylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine saldamly goşant goşýan nebitgaz toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutany wise-premýere täze geljegi uly nebit we gaz ýataklaryny senagat taýdan çalt özleşdirmäge, innowasion esasda onuň düzümini döwrebaplaşdyrmaga hem-de iri maýa goýum taslamalaryny, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegini hemişe gözegçilikde saklamak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýangyç-energetika toplumyna goşmaça maýa goýumlaryny çekmek, daşary ýurtlaryň energetika ulgamynda uly iş tejribesine hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan ygtybarly nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda hem degişli görkezmeler berildi.

Başga makalalar
16507f2f4ab219.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady

Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.


161c96b7e8e581.jpeg
«Nebitgazçykaryş»: 11 aýda 503 sany guýy abatlanyldy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň «Nebitgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri 2021-nji ýylyň başyndan bäri ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Kärhana ýanwar-noýabr aýlarynda 503 sany guýyny abatlap, ulanyşa girizdi.


161c96bb4ca85b.jpeg
Hökümet mejlisinde Balkan welaýatyndaky nebitgaz kärhanalarynyň işine garaldy

Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Balkan welaýatynda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işi hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.


161c96b2237a43.jpeg
Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 90 million dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.


166cd7e652f6ac.jpg
“Türkmengaz” DK-nyň “Şatlyk” şypahanasy: dynç alyş hem sagaldyş

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Marygazçykaryş” müdirliginiň “Şatlyk” şypahanasy eýýäm 40 ýyldan gowrak wagt bäri nebitgaz pudagynyň işgärlerine ýokary hilli hyzmatlaryny hödürläp gelýär.