Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2020-nji ýyl
23:11 06.03.2021 7936
Nebitgaz toplumy
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy innowasion esasda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, onuň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek babatda kabul eden maksatnamalarynda milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyna uly orun berilýär.
BMG tarapyndan kabul edilen “2030- njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini” üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm şerti hökmünde energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Ýurdumyzyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny kemala getirmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary dünýäde giň goldawa eýe bolýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatda eden çykyşynda: “Tebigy gazyň ägirt uly dünýä gorlaryna eýe bolmak bilen, Türkmenistan dünýäniň energiýa serişdelerine adalatly hem-de deňhukukly elýeterliligiň üpjün edilmeginiň yzygiderli tarapdary bolup durýar. Ähli taraplaryň bähbitlerini nazara alyp, ygtybarly we durnukly energiýa geçirijiler ulgamynyň döredilmegi şu maksada ýetmegiň esasy ýollarynyň biridir” diýip nygtady.
Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, ýurdumyz BMG-niň çäklerinde energetika meselesi boýunça giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna başlamagy teklip etdi hem-de Baş Assambleýanyň goldawyna mynasyp bolan Kararnamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlady. Şol mejlisiň dowamynda “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň eýeleýän orny” atly Kararnamanyň taslamasy hödürlenildi.
“Türkmenistanyň dünýäniň energiýa üpjünçilik ulgamynyň ählumumy ykdysady ösüşiniň, adamlaryň abadançylygynyň, özara bähbitli gatnaşyklaryň höweslendirilmeginiň bähbidine gulluk etjekdigine pugta ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Dekabryň başynda şanly senä — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, “Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
“Türkmengaz” hem-de “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň guramagynda geçirilen foruma 32 ýurtdan nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, ugurdaş ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň, maliýe edaralarynyň, diplomatik hem-de ylmy toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dünýäde halkara gatnawlara girizilen çäklendirmeler sebäpli, daşary ýurtly wekiliýetleriň köpüsi ara alyp maslahatlaşmalara sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly goşuldylar.
Maslahatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan energetika diplomatiýasyna aýratyn üns berildi. Diýarymyzyň özboluşly halkara hukuk ýagdaýy şol diplomatiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam edýär.
COVID-19-dan soňky döwürde tebigy gazyň dünýäniň ykdysadyýetini dikeltmekdäki hem-de durnukly energetika geçmekdäki orny, transmilli gaz geçirijileri durnukly ösüşiň we energetika howpsuzlygynyň esasy gurallary ýaly meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyz Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryny integrirlemek ideýasyny yzygiderli öňe sürýär. Bu ulgamda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de daşky gurşawy goramak babatdaky ählumumy meseleleri çözmek nukdaýnazardan ekologiýa taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmek ýaly möhüm ähmiýete eýe bolan iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Eýýäm 11 ýyldan gowrak wagt bäri durnukly işleýän Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi muňa mysal bolup biler. Häzirki wagtda transmilli magistralyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak hem-de düzümlerini ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär.
2020-nji ýylda Amyderýanyň sag kenarynda “Günbatar Joramergen”, “Gökmiýar” we “Daşrabat” ýataklarynda önümçilik desgalarynyň gurluşygyna girişildi. “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginiň gündogar böleginde ýerleşýän bu ýataklardan gözleg-abadanlaşdyryş hem-de işläp bejermek işlerini Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşygyň şertlerinde Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) alyp barýar.
Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň şahalarynyň biriniň başlanýan ýeri bolan “Malaý” gaz ýatagynda täze gaz gysyjy beketde gurluşyk işleri tamamlandy. Ýylda kuwwatlylygy 30 milliard kub metr tebigy gaza barabar bolan, döwrebap tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edilen toplum doly awtomatlaşdyryldy. Ol “Malaý”, “Döwletabat” we “Galkynyş” ýataklarynda çykarylýan gazyň basyşyny ýokarlandyrmaga niýetlenendir.
Tebigy gazyň durnukly hem-de ygtybarly eksportyny üpjün etmäge gönükdirilen bu taslama “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan Beýik Britaniýanyň “Petro Gas LLP” kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyryldy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň ägirt uly geosyýasy hem-de geoykdysady ähmiýeti bardyr. Täze energetika magistraly diňe bir Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna türkmen gazynyň uzak möhletleýin iberilmegini üpjün etmäge gönükdirilmän, eýsem, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegi, parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmegi üçin kuwwatly itergi bolar.
Bu Owganystanda parahatçylygyň üpjün edilmegi, onuň durmuş-ykdysady düzümleriniň dikeldilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi bilen bagly möhüm meseleleri çözmekde wajypdyr. Bu bolsa, öz gezeginde, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Biziň günorta goňşymyz gazyň belli bir möçberinden başga-da, öz çäklerinden türkmen energiýa serişdelerini üstaşyr geçirendigi üçin uly girdeji alar.
Bu taslama iki tapgyrdan ybarat bolup, onuň birinjisiniň çäklerinde turba geçirijilerden 5-den 6 milliard kub metre çenli erkin gaz akymy üpjün ediler. Kompressor beketleri gurlandan soň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ýyllyk kuwwatlylygy 33 milliard kub metre çenli artdyrylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, “SCADA” telemehanika, dolandyryş we aragatnaşyk ulgamyny, şonuň ýaly-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginde gaz ölçeýji beket üçin enjamlar toplumyny getirmek hem-de gurnamak işlerini Malaýziýanyň “Serba Dinamik Sdn. Bhd” kompaniýasy ýerine ýetirer.
2020-nji ýylyň sentýabrynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de “TAPI Pipeline Limited” we “Afghan Gas Enterprise” gaz kompaniýalarynyň arasynda Owganystan Yslam Respublikasynda tebigy gaz bazaryny döretmek we ösdürmek boýunça Ähtnama gol çekildi.
Şunuň ýaly ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmegiň barşynda toplanylan peýdaly tejribe gaz-ulag düzümini mundan beýläk-de giňeltmekde — Hazarüsti turba geçirijisiniň gurluşygynda ulanylyp bilner. Ýewropa Komissiýasynyň bu gaz geçirijini Ýewropa Bileleşiginiň ileri tutulýan energetika taslamalarynyň sanawyna girizendigini bellemek gerek.
Häzirki wagtda “Gazprom” bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda tebigy gazy satyn almak hakynda baglaşylan bäş ýyllyk şertnamanyň çäklerinde Orta Aziýa — Merkez gaz geçirijisi boýunça Russiýa Federasiýasyna gaz ibermek amala aşyrylýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň maksatnamasyny tassyklady. Onda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, Halkara energetika agentligi, Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty hem-de beýleki ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi.
Ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipe eksport bilen bir hatarda, energiýa serişdelerine artýan içerki zerurlyklary kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk senagaty we beýleki pudaklaryň depginli ösüşi bilen şertlendirilendir.
Milli Liderimiziň tutuş halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmaga hem-de görnüşlerini köpeltmäge gönükdirilen ykdysady syýasatyna laýyklykda, soňky birnäçe ýylyň dowamynda uglewodorod çig malyny düýpli gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen döwrebap senagat kärhanalary ulanylmaga berildi.
Şolaryň hatarynda Gyýanlydaky ýokary dykyzlykdaky polietilen hem-de dürli görnüşli polipropilen çykarýan polimer zawody, Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalarynyň hem-de banklarynyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda bina edilen tebigy gazdan sintetik benzin öndürmek boýunça dünýäde ilkinji zawod bar.
Bu döwrebap gazhimiýa toplumlarynyň önümlerine isleg artýar, onuň eksportunyň çägi giňelýär. Syn berilýän ýylda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy arkaly ýerlenilýän dürli görnüşli polietileniň satylýan möçberi üç esseden gowrak artdy. Daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bu polimeri satyn aldylar. Şolaryň hatarynda Russiýa, Türkiýe, Hytaý, Owganystan, Pakistan, Hindistan, GünortaGündogar Aziýanyň beýleki ýurtlary hemde GDA-nyň ýurtlary bar.
ECO-93 kysymly benzin ilkibaşda Özbegistanyň respublikan haryt-çig mal biržasynda satuwa goýuldy hem-de Owganystana, Bolgariýa, Beýik Britaniýa, Gruziýa, Daniýa we Russiýa eksport edildi. Tebigy gazdan alynýan sintetiki awtoulag ýangyjyna islegiň artmagy onuň ekologiýa häsiýetleri bilen baglydyr. Mälim bolşy ýaly, Euro-5 ekologiýa ölçegine gabat gelýän benzin yzygiderli ulanylanda, ulaglaryň hereketlendirijisinde hapa az ýygnanýar, bu bolsa onuň ulanylyş möhletini iki esse artdyryp, daşky gurşawa zyýanly zyňyndylary azaldýar.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara serginiň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni “AFFINIQUE TRADING L.L.C” (BAE), “TransHim” we “Kartli” (Russiýa Federasiýasy), “Marmara Polimer ve Tekstil Ticaret Anonim Şirketi” (Türkiýe) kompaniýalary bilen polimer önümleriniň uly tapgyryny satmak barada şertnama baglaşdy.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy “Fawadd Saddiqui Group of Companies Ltd” (Owganystan) kompaniýasy bilen A-80 we A-92 awtoulag benzinini, “Alkagesta Ltd” (Malta) kompaniýasy bilen az kükürtli mazudy satmak barada şertnama baglaşdy.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga uly üns berilýändigini nygtamak gerek. Häzirki wagtda türkmen nebithimiýa pudagynyň öňdebaryjy kärhanasynyň durkunyň abatlanylmagy hem-de tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzda öndürilýän senagat önümleriniň dörtden bir bölegi toplumyň paýyna düşýär. Bu ýerde, esasan, ýokary oktanly etilirlenmedik awtoulag benzini, uçar, yşyk hem-de tehniki kerosini, suwuklandyrylan nebit-gazy, dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri, tehniki çalgy ýaglary we polipropilen hem-de elektronly taplanan koks, ýol hem-de gurluşyk bitumi we beýleki önümler öndürilýär.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygar astynda geçen 2020-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda taslama kuwwatlylygy 70 megawat/sagat bolan gaz turbinaly energiýa bloklarynyň ikisiniň düýbüniň tutulmagy şanly waka boldy. Bu iki desganyň gurluşygy Türkiýe Respublikasynyň “Çalyk Enerji” kompaniýasyna ynanyldy. Mundan başga-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň energiýa güýjenmesini peseltmek hem-de ony sarp edijilere paýlamak üçin niýetlenen esasy elektrik beketleriniň ikisi döwrebaplaşdyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, “INVEST Enterprises Limited” (HHR) kompaniýasy we “Azap” hususy kärhanasy bilen degişli şertnama baglaşyldy.
Bu taslamalar Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda bar bolan hem-de gurulýan täze desgalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge niýetlenendir. Olaryň biri haýal kokslandyrma hem-de gudronyň deasfaltizasiýa desgasy bolup, häzirki wagtda zawodlar toplumynda onuň gurluşygy alnyp barylýar.
“WTL FZE” (BAE) we “Westport Trading Europe Limited» (ABŞ) kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan amala aşyrylýan taslamanyň esasy wezipesi gudronyň hem-de mazudyň agyr galyndylaryny gaýtadan işlemekdir. Nebitiň düýpli gaýtadan işlenilişini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, desganyň işe girizilmegi suwuklandyrylan gazyň, benziniň, dizel ýangyjynyň we nebit koksunyň öndürilýän möçberini artdyrmaga hem-de goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny ösdürmegiň baş ugruny” tehniki-ykdysady taýdan esaslandyrmagy işläp taýýarlamak boýunça bäsleşik geçirilýär.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň mümkinçilikleri jikme-jik seljeriler, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary, häzirki zaman talaplaryny hem-de dünýä bazarlarynyň isleglerini göz öňünde tutmak bilen nebit önümleriniň zerur görnüşleri kesgitlener.
Hususan-da, Türkmenbaşydaky we Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda nebiti düýpli gaýtadan işlemegiň görkezijisini 90 göterimden hem artdyrmaga mümkinçilik berýän täze tehnologiýa desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär.
Şolaryň hatarynda dizel fraksiýalaryny hem-de benzini gidroarassalaýjy, katalitik kreking we wodorod önümçiligi toplumyny kokslamak enjamlar toplumlary, nebiti gaýtadan işlemegiň önümleriniň agyr galyndylarynyň katalitik krekingi desgasy, ýokary hilli binýatlaýyn tehniki ýaglaryň önümçiligi boýunça desga bar.
Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Maksatnamasynda Ahal welaýatynda sintetiki benzin öndürýän kärhananyň ikinji nobatdakysyny, Balkan welaýatynda metildietanolamin önümçiligi boýunça desgany hem-de Gyýanlydaky polimer zawodynda izobutan öndürýän toplumy, kauçuk, polistirol, poliwinilasetat, metanom we beýlekileri öndürmek boýunça zawodlary gurmak göz öňünde tutulýar.
Tutuşlygyna alanyňda, bularyň bary ykdysadyýetimiziň innowasion esasyny güýçlendirmäge, eksportda ýokary, goşmaça bahaly önümleriň paýyny artdyrmaga mümkinçilik berer.
Geçen ýyl “Türkmengaz” döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň täze binasynyň ulanylmaga berlendigini bellemek gerek. Desga konserniň buýurmasy boýunça Koreýa Respublikasynyň, has takygy, bu ýurduň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda bina edildi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn geljek üçin öňde goýan wajyp wezipeleriniň hatarynda tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşynyň mukdaryny artdyrmak, täze uglewodorod ýataklaryny gözlemegiň hem-de barlamagyň, buraw işlerini hem-de guýularyň düýpli abatlanylyşyny işjeňleşdirmegiň, şol sanda daşary ýurtlaryň ýöriteleşdirilen kompaniýalaryny we maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna pudagyň çig mal binýadyny berkitmek wezipeleri bar.
Pudagyň serişdeler binýadyny artdyrmak bilen baglanyşykly iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri dünýäde iň iri “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmek bolup durýar. Onuň gorlary “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde, 27 trillion kub metr hasaplanýar.
Häzirki wagtda ýatagyň umumy meýdany 4 müň inedördül kilometrden gowrak bolan ulanylyş böleginde 40-dan gowrak guýy bolup, olaryň her biriniň bir gije-gündizdäki gaz berijiligi iki million kub metre barabardyr. Bu ýerde ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gaz öndürmäge mümkinçilik berýän desgalar toplumy ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda şeýle kuwwatlykly meňzeş toplumlar gurulýar, olar TOPH gaz geçirijisini “mawy ýangyç” bilen üpjün eder. Şonuň ýaly-da, täze gözleg we ulanyş guýularynyň gurluşygy dowam etdirilýär.
Mundan başga-da, Ýaponiýanyň “Mitsubishi Corporation” kompaniýasy bilen ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmek boýunça zawodyň deslaplaýyn tehniki taslamasyny taýýarlamak barada şertnama baglaşyldy. Ony “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde gurmak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň maý aýynda Karara gol çekip, “Türkmengaz” döwlet konsernine Birleşen Arap Emirliklerinde hasaba alnan “Turkmen Petroleum Products Trade DMCC” kompaniýasy bilen “Döwletabat” gaz ýatagyndaky guýularyň 30-synda tebigy gazyň çykarylyşynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça hyzmat etmek hakynda şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi.
Merkezi Garagumdaky gazkondensatly ýataklar toparyna hyzmat edýän “Zäkli — Derweze” gaz arassalaýjy desgalarynda ýyllyk kuwwatlylygy 2 milliard kub metr bolan gaz gysyjy desganyň gurluşygy alnyp barylýar. “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan “GP Global Equipment Pte Ltd” (Singapur) kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrylýan bu taslamany 2022-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, “Derýalyk” önümçilik meýdançasynda täze gaz guradyjy desgany doly taýýar edip gurmak üçin potratçylary saýlap almak, “Bagaja” gazy gaýtadan işleýän toplumynyň birinji we ikinji tehnologiýa şahalaryny enjamlaşdyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara bäsleşikler geçirilýär.
Balkan welaýatynda “Körpeje” gaz gysyjy bekedini tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmak dowam etdirilýär. Ýyllyk kuwwatlylygy 4 milliard kub metr gaza barabar bolan bu senagat toplumy 2005-nji ýylda ulanylmaga berildi. Ol “MAN Diesel & Turbo” (Germaniýa) kompaniýasynyň gazturbina enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Olary düýpli abatlamak işi “Türkmennebit” döwlet konserni bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, Russiýanyň “KER-Holding” kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilýär.
Türkmenistanda nebitiň we gazyň çykarylyşynyň ýokary derejesini saklamak ýataklary işläp bejermegiň netijeli tehnologiýalaryny hem-de usullaryny ulanmagyň hasabyna üpjün edilýär. Bu ulgamda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Daşary ýurtly we türkmenistanly hünärmenleriň bilelikdäki netijeli işi bellenilen maksatlara ýetmäge ýardam edýär.
2020-nji ýylyň noýabrynda hormatly Prezidentimiz Karara gol çekip, “Türkmennebit” döwlet konsernine Goturdepede nebitgaz ýatagynda guýularyň 250-sini düýpli abatlamak we olaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi. Şeýlelikde, ozal gol çekilen şertnama 2028-nji ýyla çenli uzaldyldy. Russiýaly hyzmatdaşlaryň maýa goýumlary gaýtadan dikeldilen guýulardan goşmaça çykarylan nebitiň hasabyna gaýtarylar.
Häzir Türkmenistanyň çägi täze uglewodorod ýataklaryny gözläp tapmak nukdaýnazaryndan uly gyzyklanma döredýär. Muňa mysal hökmünde “Demirgazyk Goturdepe” ýatagyny görkezmek bolar, bu ýerde geçirilen geologiýa gözleg işleriniň barşynda 4 müň metrden gowrak çuňlukda nebit gatlagy tapyldy.
“Türkmennebit” döwlet konserniniň Singapurda bellige alnan “Ýug-Neftegaz” kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrýan maýa goýum taslamasynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde, gözleg-barlag we ulanyş guýularynyň, şol sanda eňňit ugurly we kese guýularyň 60-syny gurmak meýilleşdirilýär. Geçirilen synagyň barşynda nebitiň senagat akymlaryny beren guýularyň ilkinjilerini burawlamak işi geçen ýyl tamamlandy.
Separasiýa desgasynyň enjamlaryny geçirmek, “Uzynada” ýatagynda kondensaty taýýarlamak we ýygnamak üçin halkara bäsleşik geçirilýär. Ýeri gelende ýatlasak, bu ýerde ozal çuňlugy 7 müň metrden gowrak bolan guýularyň dördüsi burawlanyp, olardan tebigy gazyň we nebit kondensatly garyndynyň senagat akymlary alyndy.
Bu ýerde nebitçiler bilen bir wagtda gözleg-barlag işlerini “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň kärhanalary alyp barýarlar. Olar aşa çuň guýulary burawlaýarlar.
Lebap welaýatynda “Täjibaý” gaz ýatagynda täze guýulary gurmak işi dowam edýär. Bu ýatak 2019-njy ýylyň dekabrynda ulanmaga berildi. Günbatar sebitden tapawutlylykda, bu ýerde gazyň ýygnanan ýerleri uly bolmadyk çuňluklarda ýerleşýär we özleşdirmek babatda kyn düşmeýär. Esasy zat bolsa olaryň düzüminde, adatça, kükürtli wodorod bolmaýar.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy nebitiň we gazyň, beýleki tebigy serişdeleriň täze ýataklaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg işleriniň meýilnamasyny yzygiderli giňeldýär. Döwrebap enjamlary we programma üpjünçiligini peýdalanmak bilen, goşmaça seýsmiki barlaglar ýurdumyzyň nebitgazly ýerleriniň ählisinde geçirilýär.
Hazaryň türkmen bölegindäki ýataklar bilen bagly uly mümkinçilikler bolup, bilermenler olaryň gorlaryna nebitiň we kondensatyň 12,1 milliard tonnasy, şeýle hem gazyň 6,1 trillion kub metri möçberde baha berdiler. Häzir bu ýerde “Petronas Charigali (Türkmenistan)” (Malaýziýa) kompaniýasy işleýär, ol “Toplum-1” şertnamalaýyn çäkde uglewodorodlary gözleýär we çykarýar. Häzirki wagtda “Magtymguly” we “Diýarbekir” ýataklarynda nebiti we gazy çykarmak işleri batly depginde dowam edýär. Ýakyn geljekde “Garagol deňiz” ýatagynyň günbatar böleginde buraw işlerini ýaýbaňlandyrmak meýilleşdirilýär.
“Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasy, “Dragon Oil” golçur düzümi (BAE) “Çeleken” şertnamalaýyn çägiň düzümine girýän “Jeýtun” we “Jygalybeg” ýataklaryny işläp taýýarlaýar. Şeýle hem bu ýerde deňziň nebitgaz düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça işleriň uly möçberi ýerine ýetirildi.
Bulardan başga-da, “Buried Hill” kompaniýasy (Kipr), “RWE” we “Wintershall” (Germaniýa), “ARETI” (baş edara binasy Ženewada (Şweýsariýa) ýerleşýär) kompaniýalary bilen birnäçe deňiz toplumlary boýunça önümleri paýlaşmak hakynda ylalaşyklar baglaşyldy. “Eni” italýan kompaniýasy (“Nebitdag” şertnamalaýyn çäk) hem-de ençeme ýyl bäri Hazar sebitinde işleýän Awstriýanyň “Mitro International” (“Hazar») konsorsiumy bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.
Biziň ýurdumyzda tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, energonetijeliligi artdyrmak, köpugurly energetika kuwwatyny işjeň ulanmak meselelerine uly üns berilýär. Şu maksat bilen, BMGÖM, ÝHHG, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik (IRENA) bilen bilelikde Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça milli maksatnama işlenip taýýarlanyldy, onda degişli ugurda ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
“Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT) atly halkara maslahat, däbe görä, tejribe alyşmak hem-de energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin netijeli çäre bolup hyzmat edýär. 2020-nji ýylda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu iri, ýöriteleşdirilen forum ilkinji gezek däp bolan görnüşde geçirilmän, Aşgabatdan onlarça ýurtlara onlaýn usulda görkezildi.
XXV ýubileý maslahatyna wideoaragatnaşyk arkaly hökümet düzümleriniň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, dünýäniň iri nebitgaz, hyzmat ediş hem-de konsalting kompaniýalarynyň, abraýly halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň, diplomatik hem-de ylmy toparlaryň, şonuň ýaly-da, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň gün tertibinde energetika bazarlarynyň ösüşinde global akymlar, COVID-19 pandemiýasyndan soňra energetika dünýäsinde tebigy gazyň orny, Energetika Hartiýasynyň Şertnamasynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýaly mowzuklara garaldy. Hazaryň türkmen böleginiň deňiz toplumlaryna maýa goýumlary çekmek, gaz we nebithimiýa pudaklarynyň täze maýa goýum mümkinçilikleri hem-de beýlekiler gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzda işleýän daşary ýurt kompaniýalary öz işleri bilen tanyşdyryş dabaralaryny geçirdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň 2-nji fewralynda geçiren iş maslahatynda hem-de Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp, 12-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýangyçenergetika toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň esasy meselelerine seredildi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň açyklygy, ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri, amatly maýa goýum ýagdaýy — bularyň hemmesi dürli ugurlarda, şol sanda nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
(TDH).
Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Hytaýa tebigy gazyň ibermelerini artdyrmak meselesini maslahatlaşmaga taýýar
Türkmenistan tebigy gazyň Hytaýa iberilýän möçberlerini artdyrmak meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen sammitde aýtdy.
2021-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan Gruziýa awia ýangyç ibermekde lider boldy
2021-nji ýylda Gruziýa awiasion ýangyjyny ibermekde Türkmenistan birinji orny eýeledi diýip, Report agentligi Gruziýanyň nebit önümlerini import edijiler birleşigine salgylanyp habar berýär. Geçen ýylda Türkmenistandan Gruziýa 57,7 müň tonna awiaýangyç iberildi.
TNGIZT-niň önümleri birža söwdalarynda esasy orny eýeleýär
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.
«Marygazüpjünçilik» müdirligi welaýatyň sarp edijilerini gaz bilen bökdençsiz üpjün edýär
«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň önümçilik bölümleriniň gazçylary tutuş ýylyň dowamynda Mary welaýatynyň ilatyny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça çäreleri yzygiderli ýerine ýetirýärler. Gaz hojalyk kärhanalarynyň ýokary hilli taýýarlygy gaz üpjünçilik ulgamynyň gyş möwsüminde ygtybarly işlemegine ýardam edýär.
Türkmenistanyň, Pakistanyň we Hindistanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar
Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek meseleleri Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistandan kärdeşi Subramanýam Jaýşankar we Pakistandan Şah Mahmud Kureýşi bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.