Aşgabat — gözelligiň nusgasy (Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)

15:33 26.04.2021 11484

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/2079/original-1608696ffb6831.jpeg

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Aziýanyň merjen şäheri hasaplanýan Aşgabat şäherimiz binagärlik-gurluşyk, medeniýet, ekologiýa abadançylygy, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň kämilligi babatynda dünýä derejesinde düýpli özgertmelere eýe boldy. Asman bilen bäsleşýän belent, ajaýyp, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ymaratlar baş şäherimiziň görküni has-da artdyryp, türkmen paýtagty ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orny eýeledi.

Ak mermerli binalar toplumy türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan «ak zat alnyňa ýagşy» diýen pähiminiň beýanyna öwrülip,  ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki päk niýetlerden, hoşniýetli maksatlardan ugur alýan syýasatyny dabaralandyrýar. Gahryman Arkadagymyz şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak babatda öňdebaryjy dünýä tejribesini ulanmalydygyna aýratyn ünsi çekýär. Şonuň netijesinde başy gök direýän mermer binalarymyzda öňdebaryjy milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň iň kämil tehnologiýalary işjeň ulanylýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ulanmaga berilýän täze desgalar nusgalyk häsiýete eýe bolup, halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Şeýle giň gerimli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalarynda bu ugurda ýokary bilimli hünärmenler bolup ýetişjek talyp ýaşlaryň hem goşandynyň bolmagy örän buýsandyryjydyr.

Baş şäherimiz gözel künjekleri, suwçüwdürimli seýilgähleri, mermer binalary, täsin desgalary, ösen tehnologiýalara esaslanýan ýaşaýyş-jaý toplumlary bilen göreni haýran edýär. Gahryman Arkadagymyz: «Häzirki döwürde Aşgabat dünýäniň durnukly ösýän şäherleriniň birine öwrüldi. Aşgabady ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň baş meýilnamasyna laýyklykda, geçen sanlyja ýyllarda paýtagtymyz biziň gözümiziň alnynda täsin hem-de owadan binalaryň hatary bilen öz çäklerini has-da giňeltdi. Şol belent ymaratlar baş şäherimiziň görküni has-da artdyrdy we türkmen paýtagty ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi» diýip belleýär. Berkararlygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň, döredijiligiň, döwletliligiň, aýdym-sazyň, rowaçlyklaryň, ak arzuwlaryň, ýagşy umytlaryň şäherine öwrülen gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk toý dabarasy ýatdan çykmajak ajaýyp wakalara beslener, dünýä derejesinde beýik ykrarnama eýe bolar. Ýurdumyzyň her bir gününi ajaýyplyga, toý-baýramlara besleýän, ata Watanymyzyň ýüregi bolan Aşgabat şäherini nusgalyk derejede gülläp ösdürýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Mekan Gaýypow,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

Başga makalalar
16908eb958df79.jpg
«Mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün edilýär

Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli tutumlaryndan ruhlanýan Balkan welaýatynyň edara-kärhanalarynyň zähmet toparlary hem şu günler hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň dabaraly belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny üstünliklere beslemegi maksat edinip, has-da gaýratly zähmet çekýärler.


163f467d9d4638.jpeg
Egsilmez gujur-gaýrat bilen

Şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy önümçilik kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda ýokary ruhubelentlik ýagdaýyny döretdi. Bu ýyly zähmet üstünliklerine beslemek, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrundaky hereket giň gerim alýar. Şeýle kärhanalaryň hatarynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň başarjaň we zähmetsöýer işgärleri hem bar. Olar täze ýylyň ilkinji günlerinden yhlasly zähmet çekip, «mawy ýangyjyň» öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrýarlar.


16908eb15cd938.jpg
«Mawy ýangyç» — ojaklaryň höziri

Indi onlarça ýyldan bäri bagtyýar ildeşlerimiz gyşyn-ýazyn türkmen topragyndan alynýan «mawy ýangyjyň» hözirini görüp gelýär. Şol bir wagtyň özünde-de täze döreýän obalara, şäherçelerdir şäherlere gaz geçirijiler çekilýär.


16908eb56322a5.jpg
Zähmet gadamy batlanýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylarynyň ýurdumyzyň sebitleriniň çäklerinde ýerleşýän gaz känleriniň ulanyş guýularyny burawlap, «mawy ýangyjyň» akymyny almak ugrundaky netijeli işlerinde konserniň beýleki edara-kärhanalarynyň işgärleri bilen birlikde, Ulaglar müdirliginiň hünärmenleridir işçileriniň hem goşantlarynyň saldamlydygyny aýtmak gerek. Kärhananyň işgärleri konserniň edara-kärhanalaryna buýurmalar esasynda ulag hyzmatlaryny öz wagtynda bökdençsiz ýerine ýetirýärler.


163e1f9fc08442.jpeg
Zähmet gadamlary batlanýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri hem-de öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary tebigy gazy çykarmak, ony gaýtadan işläp, sarp edijilere ugratmak boýunça geçen ýyl üçin bellenilen meýilnamalaýyn tabşyrygy üstünlikli berjaý etdiler. Gazanylan ýokary netijede gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käninde zähmet çekýän edermen gazçylaryň mynasyp paýy bar.