BINAGÄRLIGIŇ GUDRATY
14:28 02.05.2021 3110
(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýüregi — Aşgabat şäheriniň ajaýyp keşbi kalbyňda iň ýagşy arzuwlary döredýär we ruhuňy göterýär. Bu täsinligi gözel paýtagtymyzyň özboluşly sazlaşygy emele getirýän ak mermer binalarynda, suw çüwdürimli seýilgählerinde, reňbe-reň açylan güllerinde, saýaly baglarynda, şugla saçýan döwrebap ýollarynda, innowasion tehnologiýalaryň sazlaşygynda, şeýle-de adamlaryň şadyýanlygynda we bagtlylygynda görmek bolýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda, Aşgabat şäherinde iri gerimli gurluşyk işleri üstünlikli alnyp barylýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli özgertmek maksady bilen ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş-jaý toplumlary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda diňe bir täze ymaratlar, toplumlar däl, eýsem döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän obalar, şäherler gurulýar. Bu bolsa örän jaýdar bellenilişi ýaly, gurýan, döredýän döwletiň — ata Watanymyz Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady-syýasy mümkinçiliklerinden, kuwwatlyklaryndan habar berýär. Şeýle döwrebap iri toplumlarda bezeg aýratynlyklara aýratyn üns berilmegi we yşyklandyrmak üçin ýokary hilli enjamlaryň ulanylmagy binalara özboluşly gözellik çaýýar.
Milli Liderimiziň arhitektorçylyk taglymaty esasynda täze gurulýan şäherlerde diňe bir ýaşaýyş jaýlary däl, eýsem ýokary we orta okuw mekdepleri, çagalar baglary, medeni maksatly binalar, sport desgalary, seýilgähler, işewürlik, edara binalar toplumlary göz öňünde tutulýar. Bu amatlyklar ýaşaýjylaryň hal-durmuş ýagdaýlaryny gowulandyryp, gündelik zähmeti has-da döwrebaplaşdyrýar we ýeňilleşdirýär. Ýurdumyzyň ösüşine, halkymyzyň eşretli durmuşyna gönükdirilip, amal edilýän bu işler halkymyzyň buýsanjyna, bagtyýarlygyna beslenýär.
Aşgabat kuwwatly ykdysadyýetiň, senagatyň, ylmyň, milli binagärligiň, gurmagyň we döretmegiň, beýik ösüşleriň merkezine öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli geçiriljek toý-baýramlar hem Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ajaýyp döwrüniň beýik waspyna öwrüler.
Halkara derejesinde ykrar edilýän milli Liderimiziň umumadamzat bähbidine, ýagty geljege gönükdirilen nusgalyk işleri türkmen halkynyň bagtyýarlygy, asudalygy, eşretli durmuşy, agzybirligi bilen has-da ösüşlere beslenýär.
Baýramgeldi GURBANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.
Surata düşüren Arslan MÜLLIKOW.
«Mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün edilýär
Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli tutumlaryndan ruhlanýan Balkan welaýatynyň edara-kärhanalarynyň zähmet toparlary hem şu günler hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň dabaraly belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny üstünliklere beslemegi maksat edinip, has-da gaýratly zähmet çekýärler.
Egsilmez gujur-gaýrat bilen
Şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy önümçilik kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda ýokary ruhubelentlik ýagdaýyny döretdi. Bu ýyly zähmet üstünliklerine beslemek, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrundaky hereket giň gerim alýar. Şeýle kärhanalaryň hatarynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň başarjaň we zähmetsöýer işgärleri hem bar. Olar täze ýylyň ilkinji günlerinden yhlasly zähmet çekip, «mawy ýangyjyň» öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrýarlar.
«Mawy ýangyç» — ojaklaryň höziri
Indi onlarça ýyldan bäri bagtyýar ildeşlerimiz gyşyn-ýazyn türkmen topragyndan alynýan «mawy ýangyjyň» hözirini görüp gelýär. Şol bir wagtyň özünde-de täze döreýän obalara, şäherçelerdir şäherlere gaz geçirijiler çekilýär.
Zähmet gadamy batlanýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylarynyň ýurdumyzyň sebitleriniň çäklerinde ýerleşýän gaz känleriniň ulanyş guýularyny burawlap, «mawy ýangyjyň» akymyny almak ugrundaky netijeli işlerinde konserniň beýleki edara-kärhanalarynyň işgärleri bilen birlikde, Ulaglar müdirliginiň hünärmenleridir işçileriniň hem goşantlarynyň saldamlydygyny aýtmak gerek. Kärhananyň işgärleri konserniň edara-kärhanalaryna buýurmalar esasynda ulag hyzmatlaryny öz wagtynda bökdençsiz ýerine ýetirýärler.
Zähmet gadamlary batlanýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri hem-de öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary tebigy gazy çykarmak, ony gaýtadan işläp, sarp edijilere ugratmak boýunça geçen ýyl üçin bellenilen meýilnamalaýyn tabşyrygy üstünlikli berjaý etdiler. Gazanylan ýokary netijede gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käninde zähmet çekýän edermen gazçylaryň mynasyp paýy bar.