Aşgabat — täsin rekordlaryň şäheri
15:47 10.05.2021 6951
(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)
Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, şäheriň Aşgabat ady (eshq «söýgi») we (abad «şäher») diýen pars sözlerinden gelip çykypdyr.
* * *
2008-nji ýylda paýtagtymyzdaky Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançada dikilen Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň belent sütüni «Dünýäniň iň beýik flagştogy» diýlip, Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Onuň agramy 420 kilograma, ini 52,5 metre we boýy 35 metre barabar. Ýaşyl Tugumyz 133 metr belentlikde parlaýar.
* * *
2017-nji ýylda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde, Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Atyň çeper şekiliniň beýikligi 40,05 metr, uzynlygy 37,69 metr, ini bolsa 40,24 metrdir.
* * *
2010-njy ýylda Aşgabat «Köpçülik ýerinde iň köp suw çüwdürimleri özünde jemleýän suw çüwdürim toplumly şäher» diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şol suw çüwdürim Oguz hanyň we ogullarynyň heýkelleri ýerleşdirilen arhitektura-heýkeltaraşlyk toplumydyr. Onuň tutýan meýdany 14,2 gektar bolup, toplum 27 sany yşyklandyryş enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman suw çüwdürimlerini özünde jemleýär.
* * *
2011-nji ýylda «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň binasy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Köpetdagyň belent gerişlerinden soň hem 211 metr beýiklige uzak gidýän binanyň aýratyn gözelligine öwrülen Oguzhanyň sekizburç ýyldyzy iň uly ýyldyz şekili hökmünde hasaba alyndy. Döwrebap merkeziň umumy beýikligi 211 metr. Toplumyň esasy desgasy 31 gatdan ybaratdyr.
* * *
Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Älem» medeni-dynç alyş merkezi özüniň binagärlik-gurluşyk, bezeg aýratynlyklary bilen özüne çekýär. Täsin binanyň daşy Oguz hanyň altyn ýyldyzy we bäş sany göl bilen gurşalandyr. Beýikligi 95 metre ýetýän binanyň ýörite syn ediş çarhynyň diametri 57 metrden ybaratdyr. Alty orunlyk öýjagazlaryň 24-sini özünde jemleýän äpet synlaýyş aýlawy bu merkeziň esasy binagärlik aýratynlygyny emele getirýär. Täsin görnüşli bu bina dünýäde iň uly aýlanýan ýapyk görnüşli synlaýyş aýlawy hökmünde hasaba alnyp, 2012-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
* * *
2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, 2013-nji ýyldan başlap 25-nji maý – Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenilip başlandy.
* * *
2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Halkara howa menzili açyldy. 1200 gektara golaý meýdanda 100-den gowrak desgany öz içine alýan bu toplum binagärlik taýdan gaýtalanmajak gözel keşbe eýe boldy. Ýolagçy terminalynyň esasy binasynyň ýokarsyna 705 inedördül metr haly gölüniň şekillendirilmegi netijesinde Aşgabadyň Halkara howa menzili Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
* * *
2018-nji ýylyň 1-nji iýunynda «Aşgabat» köpugurly stadionynda welosport boýunça okuw sapagyny geçirmekde dünýäniň täze rekordy goýuldy. Bu okuw sapagyna jemi 3246 adam gatnaşdy.
Taýýarlan: Meýlis ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.
«Mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün edilýär
Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli tutumlaryndan ruhlanýan Balkan welaýatynyň edara-kärhanalarynyň zähmet toparlary hem şu günler hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň dabaraly belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny üstünliklere beslemegi maksat edinip, has-da gaýratly zähmet çekýärler.
Egsilmez gujur-gaýrat bilen
Şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy önümçilik kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda ýokary ruhubelentlik ýagdaýyny döretdi. Bu ýyly zähmet üstünliklerine beslemek, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrundaky hereket giň gerim alýar. Şeýle kärhanalaryň hatarynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň başarjaň we zähmetsöýer işgärleri hem bar. Olar täze ýylyň ilkinji günlerinden yhlasly zähmet çekip, «mawy ýangyjyň» öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrýarlar.
«Mawy ýangyç» — ojaklaryň höziri
Indi onlarça ýyldan bäri bagtyýar ildeşlerimiz gyşyn-ýazyn türkmen topragyndan alynýan «mawy ýangyjyň» hözirini görüp gelýär. Şol bir wagtyň özünde-de täze döreýän obalara, şäherçelerdir şäherlere gaz geçirijiler çekilýär.
Zähmet gadamy batlanýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylarynyň ýurdumyzyň sebitleriniň çäklerinde ýerleşýän gaz känleriniň ulanyş guýularyny burawlap, «mawy ýangyjyň» akymyny almak ugrundaky netijeli işlerinde konserniň beýleki edara-kärhanalarynyň işgärleri bilen birlikde, Ulaglar müdirliginiň hünärmenleridir işçileriniň hem goşantlarynyň saldamlydygyny aýtmak gerek. Kärhananyň işgärleri konserniň edara-kärhanalaryna buýurmalar esasynda ulag hyzmatlaryny öz wagtynda bökdençsiz ýerine ýetirýärler.
Zähmet gadamlary batlanýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri hem-de öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary tebigy gazy çykarmak, ony gaýtadan işläp, sarp edijilere ugratmak boýunça geçen ýyl üçin bellenilen meýilnamalaýyn tabşyrygy üstünlikli berjaý etdiler. Gazanylan ýokary netijede gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käninde zähmet çekýän edermen gazçylaryň mynasyp paýy bar.