Şöhratly şäher
18:43 07.05.2021 1947
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäheri öz ajaýyp görküni has-da gözelleşdirýär.
Ýurduň ösüşi, onuň ykdysady kuwwaty paýtagt şäheriň keşbinde janlanýar. Aşgabadyň köşkler toplumyny, başy Asmana direýän beýik-beýik ymaratlaryny, giň köçelerini, şaýollaryny, seýilgählerini göreniňde, göwnüň göterilip, ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjyň has-da artýar.
Hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat beren «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitaby ak mermere beslenen paýtagtymyzyň waspyny dünýä ýetirdi. Täze kitap Köpetdagyň belent gerişleri bilen Garagumuň altynsow çägeleriniň arasynda ýaýylyp gidýän Aşgabadyň tarypyny özünde jemleýän iň gymmatly çeşmeleriň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerýär, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrülýär. Merjen paýtagtymyzyň binagärlik keşbi, ajaýyplygy haýran galdyrýar. Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň täze «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyny okanyňda muňa has-da göz ýetirmek bolýar.
Dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp möçberde jemlenen şäheri hökmünde Aşgabadyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen türkmen paýtagtynda alnyp barylýan köptaraplaýyn işler dünýä nusgalyk bolup rowaçlanýar. Elbetde, ak mermerli paýtagtymyzyň keşbi, üstünliklere, halkara derejesindäki ykrarnama eýe bolýan özgertmeler hormatly Prezidentimiziň ýagty, nurana geljege gönükdirilen parasatly syýasatynyň netijesidir.
Ak arzuwlara beslenen ak şäherimiz Aşgabat ýurdumyzyň rowaçlyklara beslenýän nyşanyna öwrüldi. Aşgabat şäheriniň günbe-günden gülläp ösmegi, täze döwrebap binalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi we olaryň döwrebap tehnologiýalar, iň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy örän buýsandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiz «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda: «Aşgabat dünýäniň ykdysady taýdan ösen, medeni taýdan ýokary derejeli, iň gözel şäherleriniň biri» diýip belleýär. Hakykatdan-da, gözel paýtagtymyz ýurdumyzyň medeniýet-sungat, ylym-bilim, saglyk, sport merkezi bolup, ýaşaýjylar üçin amatly, owadan, gözel, iň döwrebap şäherleriň biridir.
Goý, ak şäherimizi, mähriban halkymyzy ak ertirlere, ýagty geljege alyp barýan milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, her bir tutumly işi rowaç bolsun!
Bahar ŞAMÄMMEDOWA,
S.A.NYÝAZOW adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.
«Mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün edilýär
Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli tutumlaryndan ruhlanýan Balkan welaýatynyň edara-kärhanalarynyň zähmet toparlary hem şu günler hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň dabaraly belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny üstünliklere beslemegi maksat edinip, has-da gaýratly zähmet çekýärler.
Egsilmez gujur-gaýrat bilen
Şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy önümçilik kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda ýokary ruhubelentlik ýagdaýyny döretdi. Bu ýyly zähmet üstünliklerine beslemek, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrundaky hereket giň gerim alýar. Şeýle kärhanalaryň hatarynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň başarjaň we zähmetsöýer işgärleri hem bar. Olar täze ýylyň ilkinji günlerinden yhlasly zähmet çekip, «mawy ýangyjyň» öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrýarlar.
«Mawy ýangyç» — ojaklaryň höziri
Indi onlarça ýyldan bäri bagtyýar ildeşlerimiz gyşyn-ýazyn türkmen topragyndan alynýan «mawy ýangyjyň» hözirini görüp gelýär. Şol bir wagtyň özünde-de täze döreýän obalara, şäherçelerdir şäherlere gaz geçirijiler çekilýär.
Zähmet gadamy batlanýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylarynyň ýurdumyzyň sebitleriniň çäklerinde ýerleşýän gaz känleriniň ulanyş guýularyny burawlap, «mawy ýangyjyň» akymyny almak ugrundaky netijeli işlerinde konserniň beýleki edara-kärhanalarynyň işgärleri bilen birlikde, Ulaglar müdirliginiň hünärmenleridir işçileriniň hem goşantlarynyň saldamlydygyny aýtmak gerek. Kärhananyň işgärleri konserniň edara-kärhanalaryna buýurmalar esasynda ulag hyzmatlaryny öz wagtynda bökdençsiz ýerine ýetirýärler.
Zähmet gadamlary batlanýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri hem-de öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary tebigy gazy çykarmak, ony gaýtadan işläp, sarp edijilere ugratmak boýunça geçen ýyl üçin bellenilen meýilnamalaýyn tabşyrygy üstünlikli berjaý etdiler. Gazanylan ýokary netijede gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käninde zähmet çekýän edermen gazçylaryň mynasyp paýy bar.