«Galkynyşdaky» ekologiýa taýdan howpsuz we ýokary tehnologiki taslama üstünlikli durmuşa geçiriler — CNPC-niň ýolbaşçysy
09:11 25.08.2021 8409
«Galkynyş» käninde gurluşyk işleri geçirilende häzirki zaman ylmy-tehniki esaslandyrmalar hem-de usullar ulanylar, guýulary burawlamak işleri bolsa iň ýokary hilinde ýerine ýetiriler. Bu barada Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (“CNPC”) Türkmenistandaky “International Ltd.” şahamçasynyň baş direktory Çen Huaýlun iri “Galkynyş” gaz käninde üç sany täze guýyny burawlamak işine badalga bermek dabarasynda belledi.
Çen Huaýlun dabarada “CNPC” kompaniýasynyň wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, türkmen Liderimine kompaniýanyň adyndan HHR bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge elmydama üns berýändigi, şeýle hem hytaýly hyzmatdaşlaryň Türkmenistandaky işlerinde goldaw hem-de ýardam edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, 2007-nji ýylyň 17-nji iýulynda iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň we “CNPC” kompaniýasynyň arasynda tebigy gazy satyn almak-satmak baradaky şertnama gol çekildi. Şeýlelikde, ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli uzak möhletleýin türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň binýady goýuldy.
2013-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň birinji tapgyrynyň çäklerinde bina edilen desgalaryň açylyş dabarasy geçirildi.
Özüni ägirt uly energiýa serişdelerini öndüriji hem-de ygtybarly işewür hyzmatdaş hökmünde tanadan Türkmenistanyň bu ägirt uly gaz känini üstünlikli özleşdirmegi onuň giň möçberli halkara taslamalaryny durmuşa geçirmäge ukyplydygyny görkezdi, ýurduň dünýä derejesindäki abraýyny ýokarlandyrdy.
Bellenilişi ýaly, dabaraly çärä Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşmagy hytaý we türkmen hünärmenlerine berilýän ählitaraplaýyn goldawyň şöhlelenmesi boldy. Bu waka ikitaraplaýyn energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyry aňladýar.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.
«Nebitgazçykaryş»: 11 aýda 503 sany guýy abatlanyldy
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň «Nebitgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri 2021-nji ýylyň başyndan bäri ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Kärhana ýanwar-noýabr aýlarynda 503 sany guýyny abatlap, ulanyşa girizdi.
Hökümet mejlisinde Balkan welaýatyndaky nebitgaz kärhanalarynyň işine garaldy
Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Balkan welaýatynda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işi hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 90 million dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.
“Türkmengaz” DK-nyň “Şatlyk” şypahanasy: dynç alyş hem sagaldyş
“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Marygazçykaryş” müdirliginiň “Şatlyk” şypahanasy eýýäm 40 ýyldan gowrak wagt bäri nebitgaz pudagynyň işgärlerine ýokary hilli hyzmatlaryny hödürläp gelýär.