Türkmenistanyň we HHR-niň Liderleri Hytaýa täze gaz geçirijiniň gurluşygy barada ylalaşdylar
13:30 08.02.2022 14401
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde şenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Duşuşygyň barşynda nebitgaz pudagynyň ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri we möhüm bölegi bolup durýandygy bellenildi. Türkmen gazynyň Hytaýa ugradylmagyny üpjün edýän gaz geçirijiniň gurluşygy özara bähbitli gatnaşyklaryň üstünliklere beslenýändigini aňladýar.
Şunuň bilen birlikde, iki tarapyň mümkinçilikleriniň heniz doly açylmandygy hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny bilelikde işläp taýýarlamagyň zerurdygy bellenildi.
Türkmenistanyň gaz geçirijiniň dördünji şahasyny gurmak arkaly Hytaýa ugradylýan tebigy gazyň möçberini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin taýýardygy tassyklanyldy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, türkmen tebigy gazynyň HHR-e ugradylmagy meýilleşdirilýän mukdaryny kesgitlemegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutany “Galkynyş” gaz käniniň ikinji tapgyryny döwrebaplaşdyrmagyň mümkinçilikleriniň seljerilmelidigini aýtdy. Bu dördünji (D) şaha boýunça Hytaýa tebigy gazy ugratmak üçin esasy serişde binýadyna öwrülmelidir.
Ýurdumyzyň çäginde türkmen tebigy gazynyň dördünji şaha boýunça Hytaýa ugradylmagyny üpjün edýän önümçilik, gaz ugradyş düzüminiň döredilmegi çözgüdi talap edilýän esasy meseleleriň biridir.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri iki ýurduň hünärmenleriniň ýakyn wagtda gazy kükürtden arassalamak boýunça kärhanalaryň, kompressor stansiýalarynyň, “Galkynyş” gaz käninden Türkmenistanyň goňşy döwlet bilen çägine çenli gaz geçirijini gurmak meseleleri boýunça netijeli gepleşikleri geçirjekdiklerine ynam bildirdi.
Dördünji şahanyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça geljekde bilelikde ýerine ýetiriljek işleriň çäklerinde, tebigy gazyň nyrh meselesini ara alyp maslahatlaşmaga girişmek zerurdyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu mesele boýunça alnyp baryljak bilelikdäki işleriň dowamynda türkmen we hytaý hünärmenleriniň turba geçiriji boýunça geçýän harytlyk gazyň bahasyny kesgitlemekde dünýä tejribesinden ugur aljakdyklaryna bil baglaýandygyny belledi.
Türkmen tarapy ikitaraplaýyn ylalaşyklar gazanylandan soňra, hytaý kompaniýasynyň “Galkynyş” gaz käniniň ikinji tapgyryny HHR-iň göni maýa goýum serişdeleriniň hasabyna işläp taýýarlamaga gatnaşmak hakyndaky meselelere seredip biler. Şunda hytaý tarapynyň gönükdiren maýa serişdeleri ugradylýan türkmen gazynyň hasabyna yzyna gaýtarylar diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk gazandylar hem-de Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý we hytaý-türkmen komitetlerine bu ugurda bilelikdäki degişli işleri geçirmek tabşyryldy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti HHR-iň Başlygynyň çakylygy boýunça Pekinde geçirilýän XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Palestinanyň daşary işler ministri özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
Penşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikiniň arasynda geçirilen duşuşykda özara bähbitli türkmen-palestina ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň barlygy maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy
2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% boldy. Bu barada maglumat geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda ýedi aýda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy
27-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň işiniň ýanwar-iýul aýlary boýunça işiniň netijelerine seredildi
Geçen anna güni zähmet rugsadynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy.
Yragyň wekiliýeti «Türkmengaz» DK bilen türkmen tebigy gazyny satyn almagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylygy bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Yragyň wekiliýetine Energetika ministriniň orunbasary Adil Karim Kak Ahmed we nebit ministriniň orunbasary Ezat Sabir Esmail ýolbaşçylyk etdi.