Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň täze tapgyry badalga alýar

13:01 10.02.2022 5824

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/3934/original-16204c669c1d88.jpeg

8-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň dowamynda Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek we ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýakynda «Türkmengaz» döwlet konsernine we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna maýa goýum serişdeleriniň bölünip berlendigini nygtap, pudaga ýene-de maýa goýmak kararyna gelendigini habar berip, «Türkmennebit» döwlet konsernine 250 million manatdan gowrak möçberde maýa goýumyny gönükdirmek baradaky Karara gol çekendigini mälim etdi.

Möhüm resminama gol çekilen güni ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda «Halkyň Arkadagly zamanasynda nebitgaz senagatyny ösdürmegiň täze tapgyry» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary we edara-kärhanalarynyň işgärleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdy. Hoşallyk maslahatynyň dowamynda wise-premýer Ş. Abdrahmanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Güýçgeldi Baýgeldiýew we nebitgaz toplumynyň dürli pudaklarynyň işgärleri, «Garagum», «Diýar» žurnallarynyň baş redaktorlary, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen nebitgaz toplumynyň düzümlerinde ýokary netijeler gazanylýar, pudaga yzygiderli maýa goýumlary gönükdirilýär.  Munuň özi Prezident maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün edýär. Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny bellemelidir. Bu ugurda nebitgaz senagatynda alnyp barylýan işler has hem giň gerime eýedir. Türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilýän mukdaryny artdyrmak, halkara gaz geçirijileriniň ugurlaryny giňeltmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli toplumyň düzümleriniň agzybir işgärleriniň ýadawsyz zähmeti öwgä mynasypdyr.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ylmy çemeleşme, sowatly hojalyk we strategik meýilnamalar onuň tapawutly aýratynlygy bolup hyzmat edýär. Bu syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ata Watanymyz öz pudaklaryny ösdürmek üçin uly möçberde maliýe serişdelerini maýa goýup bilýän, gülläp ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär.

Nebitgaz toplumyna gönükdirilýän maliýe serişdeleri hem  nebit we gaz senagatynda, geologiýa pudagynda alnyp barylýan işleriň öňküden-de ýokarlanmagyna, milli ykdysadyýetimiziň pugtalanmagyna batly itergi berer, halkymyzyň abadan durmuşynyň eşretini artdyrar. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň üns-aladasy netijesinde amala aşyrylýan şu we beýleki ýurt, sebit we dünýä ähmiýetli iri maksatnamalaýyn işler, hoşallyk sözleri hem-de nebitgazçylaryň ýürek buýsanjy beýan edildi.

«Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň çykyşy geçirilen çäräniň täsirini has-da artdyrdy.

Maslahatyň ahyrynda nebitgaz toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi. 

Başga makalalar
1667eab95af26b.jpg
Üstünlik gazanýan gazçylar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň guýulary ýerasty we düýpli bejeriji böleginiň agzybir we başarjaň işgärleri tutanýerli zähmet çekýärler.


1685a542c9e636.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we AÖB-niň wise-prezidenti hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

23-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini kabul etdi diýip, TDH habar berýär.


1685a495fdaa94.jpg
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar

23-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi Türkmenistana sapar bilen geldi. Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler.


161b320f67ce09.jpeg
Nebitgaz toplumynyň kärhanalary Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli açylan ikinji wirtual sergä gatnaşýar

Penşenbe güni Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady gazananlaryna bagyşlanan wirtual sergi açyldy. Bu dabaraly çäreler Daşary işler ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.


164d9b2fb3c3fd.jpg
Türkmenistan Hazarüsti gazgeçirijisiniň taslamasy boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklary dowam etmäge taýýar — DIM-niň ýolbaşçysy

Türkmenistan Hazarüsti gazgeçirijisiniň taslamasy boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklary dowam etmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Hazar deňzi – parahatçylyk we dostluk deňzi» atly maslahatda eden çykyşynda belledi.