Ýurdumyzda Prezident saýlawlaryna uly gyzyklanma bildirilýär
17:54 01.03.2022 9762
«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji aýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk, aýdyňlyk, demokratik we giň bäsdeşlik esasynda geçirilýär. Häzirki wagtda onuň birinji tapgyry — ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak tamamlandy.
2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek ýurdumyzyň Prezidentiniň saýlawlary türkmen halkynyň mizemez agzybirligini we jebisligini, döwletimiziň we jemgyýetimiziň hakyky demokratik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlylygyny nobatdaky gezek görkezip, Garaşsyz türkmen döwletiniň täze taryhynda möhüm waka öwrüljekdigini ynamly aýtmak bolar.
Häzirki günde ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň hemmesi belli boldy. Türkmenistanlylaryň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan çärä gyzyklanmasynyň iňňän uly bolmagy öz-özünden düşnüklidir. Çünki döwlet Baştutanyny saýlamak — bu ýurdumyzyň geljegini saýlamakdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda geçirilýän demokratik özgertmeler hil taýdan täze derejä eýe boldy. Milli kanunçylyga hem-de halkara tejribesine laýyklykda, ähli dalaşgärlere saýlawçylar bilen duşuşmak hem-de olary öz maksatnamalary bilen tanyşdyrmak, wagyz-nesihat işlerini geçirmek, şol sanda habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar berilýär we mümkinçilikler döredilýär.
11-nji fewralda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde milli Liderimiz ata Watanymyzyň we halkymyzyň ykbaly üçin jogapkärçiligi üstüne almaga ukyply ýaş ýolbaşçylara ýol bermek kararyna gelendigini aýtdy. Syýasy partiýalar we raýatlaryň teklipçi toparlary döwlet Baştutanymyzyň bu wajyp başlangyjyny, parasatly çözgüdini goldamak bilen guramaçylyk we ýolbaşçylyk ukyplaryny görkezen, ata Watanymyzyň bähbitlerine wepaly ýaş türkmenistanlylary ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler hökmünde hödürlediler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda uly özgerişlikler bolup geçdi. Döwletimiziň demokratik sütünlerini berkitmekde möhüm ädimler ädildi, munuň şeýledigine gyzgalaňly dowam edýän saýlawlara taýýarlyk işleri aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar 2022-nji ýylyň 14-nji fewralynda saýlawlara taýýarlyk görmek möwsümine badalga berip, onuň ähli tapgyrlarynyň, şol sanda dalaşgärleri hödürlemek, olary bellige almak, saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmek ýaly çäreleriň demokratik esasda bolmagyna berk gözegçilik edýär. Bularyň hemmesi türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen demokratik gymmatlyklaryna ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Giň bäsdeşlik esasynda geçirilýän saýlawlaryň barşyna diňe syýasy partiýalardan we jemgyýetçilik guramalaryndan milli synçylar däl-de, eýsem, ýurdumyza gelen halkara bilermenler we synçylar hem gözegçilik ederler.
Saýlawlara resmi taýdan bellige alnan dalaşgärleriň dokuzysy gatnaşar. Olaryň üçüsi Türkmenistanyň syýasy partiýalary tarapyndan hödürlenildi. Demokratik partiýadan — Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow, Agrar partiýadan — Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan — «Wepaly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň direktory Babamyrat Meredow.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri görkezmegiň tertibini kesgitleýän Saýlaw kodeksiniň 46-njy maddasyna laýyklykda, ýurdumyzyň raýatlarynyň teklipçi toparlary tarapyndan dalaşgärleriň altysy hödürlenildi. Olar Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysadyýet orta hünär mekdebiniň direktory, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzasy Perhat Begenjow, Balkan welaýatyndan — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanow, Ahal welaýatyndan — Babadaýhan etrabynyň sanitariýa-epidemiologiýa gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýew, Mary welaýatyndan — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýew, Daşoguz welaýatyndan — Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşow, Aşgabatdat şäherinden — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogik ylymlarynyň kandidaty Hydyr Hunnaýew dagydyr.
Şu günler saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyry — Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň saýlawçylary bilen duşuşyklary giň gerime eýe bolýar. Ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň hemmesine saýlawçylar bilen duşuşyklary hem-de wagyz-nesihat işlerini guramak üçin deň şertleriň berlendigini bellemek gerek.
Şonuň bilen birlikde, saýlawçylaryň her biri duşuşyklaryň barşynda ýokary döwlet wezipesine hödürlenen islendik dalaşgäre sowallaryny berip, onuň tanyşdyrýan maksatnamasyna garaýşyny beýan edip bilýär.
Bu babatda Demokratik partiýanyň hödürlän dalaşgäri — ýurdumyzyň Hökümetiniň wise-premýeri Serdar Berdimuhamedowyň öz saýlawçylary bilen geçirýän duşuşyklarynyň nusga alarlydygyny aýratyn bellemek bolar. Ýaş ýolbaşçy ynanylan ähli jogapkärli wezipelerde öz işiniň ussadydygyny görkezmegi başardy.
Nebitgaz ulgamynyň işgärleri Serdar Berdimuhamedowyň bitiren işlerini, işewürlik häsiýetlerini diňe metbugat ýa-da teleradioýaýlymlar arkaly däl-de, eýsem, bilelikde ýerine ýetiren işlerden, onuň anyk hyzmatlaryndan örän oňat bilýärler. Nebitgaz ulgamynyň işgärleri ýaş ýolbaşçynyň jogapkärli döwlet wezipelerinde kämilleşişini synlap, ýerine ýetiren işlerine tüýs ýürekden buýsanýarlar. Çünki mähriban halkymyzyň bähbitleriniň we ata Watanymyzyň rowaçlygynyň Serdar Berdimuhamedow üçin hemişe ilkinji orunda durýandygyna göz ýetirýärler.
Saýlawçylaryň şu günler ýokary döwlet wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilýän duşuşyklarda çykyş edip, onuň tapawutly ýolbaşçylyk we guramaçylyk ukyplary, şeýle hem kiçigöwünlilik, aladaçyllyk ýaly häsiýetleri barada aýratyn durup, dalaşgäri sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly, görnükli döwlet ýolbaşçysy hökmünde häsiýetlendirýändiklerini bellemek gerek.
Serdar Berdimuhamedow 2001-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini inžener-tehnolog hünäri boýunça tamamlady. Ol halkara gatnaşyklary boýunça hem hünärmen bolmak bilen, Mejlisiň Komitetiniň başlygy, daşary işler ministriniň orunbasary, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary, soňra bolsa häkimi, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýaly wezipelerde zähmet çekmek bilen, ýolbaşçylyk-dolandyryş işiniň baý tejribesini toplady.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda başy başlanan we ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri dowam etdirilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitledi.
Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, 2022-nji ýyl — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilýän ýyly ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösýän, milli demokratiýanyň dabaralanýan ýylyna öwrüler. Ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan hem-de şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylmagyny öz esasy wezipesi diýip kesgitleýär.
Biz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedowyň halkymyza berýän wadalarynyň hökman amal bolup, döwletimizi ösüşiň täze belentliklerine çykarjakdygyna, eziz Diýarymyzyň halkara abraýyny artdyryp, halkymyzyň durmuşyny has-da gowulandyrjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Palestinanyň daşary işler ministri özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
Penşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikiniň arasynda geçirilen duşuşykda özara bähbitli türkmen-palestina ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň barlygy maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy
2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% boldy. Bu barada maglumat geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda ýedi aýda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy
27-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň işiniň ýanwar-iýul aýlary boýunça işiniň netijelerine seredildi
Geçen anna güni zähmet rugsadynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy.
Yragyň wekiliýeti «Türkmengaz» DK bilen türkmen tebigy gazyny satyn almagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylygy bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Yragyň wekiliýetine Energetika ministriniň orunbasary Adil Karim Kak Ahmed we nebit ministriniň orunbasary Ezat Sabir Esmail ýolbaşçylyk etdi.