Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy
09:40 03.03.2022 8104
“Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylyň bahar paslynyň ilkinji gününde nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna sowgat eden «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen dabara nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, myhmanlar gatnaşdylar. Wise-premýer öz çykyşynda dabara gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gymmatly sowgady üçin, ata Watanymyzyň rowaçlygyna, ählumumy parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli syýasaty üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Çäre gatnaşanlaryň hatarynda – Döwlet ministri – “Türkmengaz” Döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow, “Türkmennebit” Döwlet konserniniň başlygy Güýçgeldi Baýgeldiýew, “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýew, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň müdiri Nurýagdy Suwhanow, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy Sapar Ataberdiýew we beýlekiler boldy.
Dabara gatnaşanlar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyza ata Watanymyzy ösdürmäge, mahriban halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen asylly işleri, şeýle hem her bir türkmenistanly üçin gymmatly sowgada öwrülen, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýan kitap üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň täze işi döwlet Baştutanymyzyň çykyşlarynyň ýygyndysy bolmak bilen, ol daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki pudaklar bilen bagly meseleleri şöhlelendirip, häzirki döwrüň wehimlerine jogap berýär. Täze işiň ilkinji sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara bitaraplyk gününiň hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň hukuk derejesiniň 26 ýyllygynyň hormatyna ýazylan, şeýle hem täze ýyl agşamy döwlet Baştutanymyzyň maşgala ojagynda ýerine ýetirlen goşgularyň üsti bilen parahatçylyga, ynanyşmaga we agzybirlige çagyryş bolup ýaňlanýar.
Dabara gatnaşanlar hormatly Prezidentimize döredýän ajaýyp eserleri üçin hoşallyk sözlerini beýän edip, garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan täze eserini döretmekde rowaçlyklary arzuw etdiler, döwlet Baştutanymyz bu işine Ahalteke atçylyk toplumyna baranda başlady.
Döwlet ministri – “Türkmengaz” Döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanowyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, geljegi uly taslamalaryň köpüsi ýangyç-energetika toplumy bilen baglydyr, sebäbi energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ählumumy abadançylygyň we ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýäniň energetika döwleti bolmak bilen, ägirt uly nebitgaz gorlaryna eýe bolup, şol kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatynda goýmaga ymtylýar. Bu ugurda öňdengörüjilikli, oýlanyşykly syýasaty amala aşyrmak bilen ýurdumyz energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny artdyrmak, köpugurly turbageçiriji düzümi döretmek hem-de ýangyç-energetika pudagynda deňhukukly, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda çykyş edýär.
Täze neşirde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitlerinde we beýleki iri forumlarda eden çykyşlarynda öňe süren anyk başlangyçlary öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň täze taryhy, diplomatiýasy we syýasaty, jemgyýetçiligi öwreniş we beýleki birnäçe ylymlar boýunça ajaýyp goldanma bolup hyzmat edýän kitabyň gymmaty we ähmiýeti örän uly. «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabyň her birimiz üçin ýankitaba öwrülip, paýhasyň we bilimleriň möhüm çeşmesi, gyzykly we peýdaly goldanma bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn diýip, Batyr Amanow belledi.
- Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her bir täze eseriniň neşir edilmegi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda ajaýyp waka öwrülýär – diýip Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistany halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi şahyr Gözel Şagulyýewa öz çykyşynda belledi. – Gahryman Arkadagymyzyň her bir täze kitabyny okanymda mende watançylyk, ene topraga, hormatly Prezidentimize bolan söýgi duýgularyna beslenen täze goşgy setirleri döreýär. Men bu duýgyny milli Liderimiziň bize «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabyny sowgat berende hem başdan geçirdim.
Täze neşirde ýurdumyzy ösdürmegiň dürli meseleleri, daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar barada pikirler jemlenipdir. Ol hormatly Prezidentimiziň “Döwlet – adam üçindir!” diýen şygarynyň iş ýüzünde amala aşyrylyşyny aýdyň görkezýär. Şol birwagtda kitabyň awtorynyň ýurdumyzyň öňünde durýan maksatlara we strategik wezipelere düşünmäge ýardam etmegi, diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemegi bilen neşiriň gymmaty has-da artýar.
Täze ýygyndyda ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy goramak we berkitmek ýaly möhüm meseleler boýunça Türkmenistanyň anyk we düýpli çemeleşmeleri beýan edilip, sebitiň ösüşiniň geljegine baha berilýär, BMG-niň Tertipnamasynyň hem-de halkara hukuk kadalarynyň esasynda giň döwletara gatanaşyklaryny giňeltmek boýunça anyk teklipler getirilýär.
Kitapda häzirkizaman syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň nazarýetine we tejribesine bolan täze garaýyş beýan edilip, “Aragatnaşyk – parahatçylygyň kepili” diýen ählumumy başlangyjyň many-mazmuny açylýar.
Hormatly Prezidentimiz bu başlangyjy birek-biregi hormatlamak, özara bähbitleri nazara almak, ýüze çykýan meseleleri we gapma-garşylyklary çözmegiň usullary hökmünde güýç ulanmakdan ýüz öwürmek ýaly ýörelgelere esaslanan halkara gatnaşyklaryň täze guraly diýip atlandyrýar – diýip, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň müdiri Nurýagdy Suwhanow belledi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Atajan Burunow öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabynda döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn çykyşlarynyň, makalalarynyň, interwýularynyň ýerleşdirilmegi bilen ol öz okyjylaryna ýurdumyzyň oýlanyşykly daşary ykdysady syýasatyny üstünlikli amala aşyrýandygyny aýdyň görkezýär diýip belledi. Atajan Burunow öz çykyşynda dabara gatnaşyjylaryň ünsüni nebitgaz pudagyny ösdürmegiň meselelerine, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmekde gazanylan üstünliklere, ýurdumyzyň durmuşynda uly üstünlikleriň gazanylmagyny şertlendiren bu möhüm ykdysady ulgamy ösdürmek üçin döwlet Baştutanymyzyň döredýän şertlerine çekdi.
Täze neşirde sebit meseleleri möhüm orun eýeleýär. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji Konsultatiw duşuşygynda, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Sammitlerinde we beýleki forumlarda eden çykyşlary öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň her bir çykyşynyň, her bir sözüniň aňyrsynda anyk işler durup, olar gündelik durmuşa geçirilýär hem-de garaşsyz Türkmen döwletiniň bähbidine hyzmat edýär – diýip, Atajan Burunow öz çykyşynda belledi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda milli Liderimize ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge, ata Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen beýik işleri üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Üstünlik gazanýan gazçylar
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň guýulary ýerasty we düýpli bejeriji böleginiň agzybir we başarjaň işgärleri tutanýerli zähmet çekýärler.
Türkmenistanyň Prezidenti we AÖB-niň wise-prezidenti hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
23-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
23-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi Türkmenistana sapar bilen geldi. Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler.
Nebitgaz toplumynyň kärhanalary Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli açylan ikinji wirtual sergä gatnaşýar
Penşenbe güni Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady gazananlaryna bagyşlanan wirtual sergi açyldy. Bu dabaraly çäreler Daşary işler ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
Türkmenistan Hazarüsti gazgeçirijisiniň taslamasy boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklary dowam etmäge taýýar — DIM-niň ýolbaşçysy
Türkmenistan Hazarüsti gazgeçirijisiniň taslamasy boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklary dowam etmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Hazar deňzi – parahatçylyk we dostluk deňzi» atly maslahatda eden çykyşynda belledi.