Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
10:41 10.03.2022 12463
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Bu teklip bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti Odil Reno-Basso Türkmensitanyň Prezdienti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda ýüzlendi.
Hatda bellenilişi ýaly, ÝTÖB Türkmenistanyň Hökümetiniň Derwezede ýanyp duran gaz krateriniň meselesine ünsi çekmek babatda ýakynda kabul eden çözgüdi bizde uly gyzyklanma döretdi.
«Biziň ýurt strategiýamyzyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ugurdaş gazyň ýanyşyny bes etmegiň mümkin bolan tehniki we ykdysady usullaryny öwrenmekde Türkmenistana goldaw bermäge gyzyklanmamyzy beýan etmek isleýäris» - diýlip hatda bellenilýär.
Bassonyň hatda belleýşi ýaly, «biz Türkmenistanyň Hökümetine Derweze kraterinden çykýan Co2 zyýanly zyňyndylaryny we metany azaltmagyň ähli netijeli usullaryny kesgitlemäge kömek etmek maksady bilen, tehniki-ykdysady esaslandyrmany taýýarlamak üçin hemaýat serişdelerini gönükdirmegiň mümkinçiliklerini öwreneris».
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky türkmen kärdeşlerimiz bilen hyzmatdaşlykda degişli tehniki tabşyrygy taýýarlap, öwrenmek üçin maddany seçip alyp hem-de ýokary derejeli geňeşçiler bilen şertnama baglaşyp, barlaglary geçirmekde ähli bar bolan bilimleriň we tejribäniň doly peýdalanylmagyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde iş toparyny döredip bilerdi.
«Biz islendik amatly wagtda onlaýn duşuşyk arkaly Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň bu işlere geljekde gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys» - diýip, hatda bellenilýär.
Basso hatynda şeýle hem, «Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň adyndan Türkmenistanyň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça tagallalary we bu ugra ygrarlydygy üçin hoşallygymy beýan edýärin, bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow 2021-nji ýylda Glazgo şäherinde geçirilen COP-26 çärelerinde eden resmi çykyşynyň dowamynda habar berdi» diýip belledi.
Ol şeýle hem Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýany, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmegiň Milli strategiýasyny hem-de “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň täze Kanunyny kabul etmek arkaly milli hukuk binýadyny kämilleşdirmekde ýeten sepgidini goldaýandygyny nygtady.
Belläp geçsek, şu ýylyň ýanwar aýynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň kärhanalaryna Derwezede eýýäm 50 ýyldan gowrak wagt bäri ýanyp duran gaz kraterini söndürmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Abdrahmanowa alymlary toplamagy, zerur bolanda daşary ýurtly maslahatçylary hem tapyp, bu meseläniň çözgüdini tapmagy tabşyrdy.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Türkmenistan we Gazagystan gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmegi meýilleşdirýär
“Türkmengaz” döwlet konserni we Gazagystanyň Energetika ministrligi gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.