Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermeklik ýokary işjeňlik derejesinde geçdi
10:36 15.03.2022 5027
Geçen şenbe güni, 12-nji martda irden sagat 7-den Türkmenistandaky 2,5 müňden gowrak saýlaw uçastogynda nobatdan daşary Prezident saýlawlarynda ses bermeklik başlandy. Saýlawlarda ses bermek üçin 3,5 milliondan gowrak saýlawçy bellige alyndy.
Ses bermeklik arassaçylyk-epidemiologik howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek bilen geçirildi. Saýlawçylar egin—eşiklerini zyýansyzlandurýan we şol bir wagtda adamyň beden temperaturasyny ölçeýän ýörite enjamdan geçdiler.
Saýlaw uçastoklarynyň 19-da ýapylýança bellige alnan saýlawçylaryň 97,12%-i ses berdi diýip, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary yglan etdi. Daşary ýurtdaky saýlaw uçastoklarynda 90,93% saýlawçylar ses berdi.
Ses bermek üçin ýurt boýunça 2,5 müňden gowrak saýlaw uçastogy döredildi.
Prezident wezipesine dokuz dalaşgär — Demokratik, Agrar we Senagatçylar we telekeçiler partiýalaryndan, şeýle hem raýatlaryň teklipçi toparlaryndan dalaşgärler hödürlenildi.
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň kasam kabul etmek dabarasy 19-njy martda «Oguzhan» köşkler toplumynda geçiriler.
Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow fewral aýynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde Milli Geňeşiň ýokarky palatasynyň Başlygy wezipesinde ünsüni jemlek kararyna gelendigini belläp, ýolbaşçy wezipelere ýaşlary çekmek başlangyjy bilen çykyş etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Palestinanyň daşary işler ministri özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
Penşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikiniň arasynda geçirilen duşuşykda özara bähbitli türkmen-palestina ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň barlygy maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy
2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% boldy. Bu barada maglumat geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda ýedi aýda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy
27-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň işiniň ýanwar-iýul aýlary boýunça işiniň netijelerine seredildi
Geçen anna güni zähmet rugsadynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy.
Yragyň wekiliýeti «Türkmengaz» DK bilen türkmen tebigy gazyny satyn almagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylygy bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Yragyň wekiliýetine Energetika ministriniň orunbasary Adil Karim Kak Ahmed we nebit ministriniň orunbasary Ezat Sabir Esmail ýolbaşçylyk etdi.