“Türkmengaz” Döwlet konserni halkara tender yglan edýär: 10.10.2022-18.11.2022
20:55 16.10.2022 4206
Hormatly jenaplar!
“Türkmengaz” Döwlet konserni tender boýunça toparyň adyndan “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, göni maýa goýum esasynda metanol, ammiak, metildietanolamin, dietilenglikol we trietilenglikol önümçilik gazhimiýa zawodynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak hem-de etan fraksiýasyny almak maksady bilen Lebap welaýatynyň Bagaja ýatagyndaky suwuklandyrylan gaz öndürýän desganyň durkuny täzelemek boýunça halkara tender yglan edýär.
Tendere gatnaşmak üçin Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56, “Türkmengaz” Döwlet konserni, Daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi, otag 17.24а salgysy boýunça:
- möhürlenen ýapyk bukjada bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezilen, möhürlenen ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bahk hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
- “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň kanuny bilen tanyş bolmaly;
- “Türkmengaz” DK-niň Daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginden degişli tehniki talaplary, şertnamanyň esasy şertlerini we Arza tabşyrmak üçin gerekli maglumatlary almaly;
- tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş “Türkmenistan” gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär;
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär;
- Bäsleşik teklipli bukjalary görkezilen salga ugratmaly.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
(+99312) 40-32-40; 40-32-50; 40-32-63.
факс (+99312) 40-32-59.