“Türkmennebit” Döwlet konserni Halkara tenderi yglan edýär: 08.10.2022 - 18.11.2022
23:31 24.10.2022 3313
Hormatly jenaplar!
“Türkmennebit” Döwlet konserni Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri tender esasynda kesgitleýän toparyň adyndan awtomatlaşdyrylan maglumatlar ulgamyny döretmek hem-de bu ulgamy TNGIZT-da ornaşdyrmak boýunça ulgamyň taslamasyny düzmek we ony durmuşa geçirmek üçin işleriň doly toplumyny ýerine ýetirmek üçin tender tekliplerini taýýarlamak boýunça Halkara tenderi yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK salgysy boýunça:
-bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bahk hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
-"Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
-lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly.
-bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir Lot üçin ABŞ-nyň 1725 dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almak bilen) töläp, bäsleşik resminamalaryny almaly.
Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş “Türkmenistan” gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 16.00 çenli kabul edilýär.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler.
Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň, seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
40-39-93;
+993243 96-2-33, 6-04-98.
Faks:
40-39-24,40-39-90;
Elektron salgysy:
fer@turkmennebit.gov.tm