“Hazar” konsorsiumy tender yglan edýär: 16.11.2022 - 25.11.2022
21:57 16.11.2022 5103
“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy Gündogar Çeleken meýdançasynyň guýularynda geofiziki gözlegleri hem-de partlama amallaryny geçirmek boýunça yglan eden tenderine harytlar bilen üpjün edijileriň giň gerimiňi çekmek üçin arzalaryň we bäsleşik teklipleriniň kabul edişlik möhletiniň uzaldylandygyny habar berýär (bir Lot).
DÜŞÜNDIRIŞ: tender möhletiniň uzaldylmagy sebäpli, oňa gatnaşmak üçin arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap, 15 (on bäş) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär; bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.
Tendere gatnaşmak we onuň şertlerini almak üçin BILDIRIŞ çap edilen gününden 10 (on) senenama gününiň dowamynda (ýerli wagt bilen 18.00 çenli) aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:
- 250 (iki ýüz elli) ABŞ dollary möçberinde tender tölegini tölemeli. "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, GBüS töleginden boşadylýar;
Tender tölegnii tölemek üçin rekwizitler: kompaniýanyň şahamçasy MITRO INTERNATIONAL LIMITED TURKMENISTAN walýuta hasaby: 232 030 002 201 849 001 69000
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET DAŞARY YKDYSADY IŞ BANKY salgyt kody: 302 341 000 023
kor hasaby: 211 018 401 101 001 0000 3000 MFO 390 101 201
SWIFT: SBFETM 22. Bank çykdajylary – dalaşgariň öz hasabyna.
- Bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgäriň ýazmaça arzasy;
- Bäsleşigiň şertlerini we lotuň spesifikasiýasyny almaly. Bäsleşigiň şertlerini almak üçin bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgäriň tender töleginiň tölelenendigini tassyklaýan resminamany, ýazmaça arzasyny (kärhana barada gysgaça maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) tabşyrmaly.
Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgy boýunça amala aşyrylýar: 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Alişir Nowaýy köçesi, 100, (Altyn Zaman binasy). “Hazar” konsorsiumynyň edarasy.
«Mitro International Limited» kompaniýasynyň wekilhanasy.
Üns beriň: wekilhanahyň referenti:
Telefon belgisi: 99 3 12 44 33 00 faks: +99 3 12 44 33 01
Elektron salgylary: a.ishankuliyeva_asb.mitro@mail.ru, asbmitro@asb.mitro-int.com, mitro13@mitromos.com, sergey.radko@mitromos.com
Türkmenistan, Aşgabat ş., A.Nowaýy, 100
Bäsleşige gatnaşmak üçin tölegini tölemegiň bellenen möhletiniň dowamynda ýokarda görkezilen salgy boýunça tenderiň şertleri we lotuň spesifikasiýasy bilen tanyşmak bolar.