"Eni Türkmenistan Limited" kompaniýasy tender yglan edýär: 23.11.2022-30.11.2022

17:22 23.11.2022 3071

"Eni Türkmenistan Limited" kompaniýasy şu aşakdakylar bilen baglanyşykly, ýagny:

Çap etmek (printerde) hyzmatlaryny, şol sanda çap edýän enjamlaryny (printerleri) kärendesine almak, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş materiallary bilen üpjün etmek boýunça deslapky islegi öwrenmek barada yglan edýär.

Islendik gyzyklanýan kompaniýa, aşakdaky resminamalary we maglumatlary öz içine alýan (görkezilen) arza bilen gatnaşmak üçin ýüz tutup biler:

• Kompaniýanyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we guramasyny görkezýän resmi gyzyklanma haty (arzasy).

• Meñzeş hyzmatlary ýerine ýetirmekde degişli tejribäniň sanawy we ýerine ýetirilýän hyzmatyň görnüşiniň gysgaça beýany.

• Türkmenistan sebiti üçin öndürijiden asyl ätiyaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek we serwis hyzmatyny bermek üçin degişli şahadatnama.

Deslapky islegi öwrenmegiň ahyrky senesi 2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda sagat 17:00-da (Türkmenistan wagty boyunça).

Ähli gyzyklanma bildirýän kompaniýalar "Şertnamalar we üpjünçilik" bölüminiň salgysyna (electron salgysy: Vepa.Nepesov@eni.com we Viktoriya.Nurberdiyeva@eni.com ) resmi arzalaryny ibermelidirler.

Başga makalalar