“Hazar” konsorsiumy tender yglan edýär: 17.01.2023 - 16.02.2023
22:52 18.01.2023 2192
“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy pozisioner satyn almak üçin aşakdaky arza esasynda marketing soraşmasynygeçirýär:
Arza №165 27.12.2022 – PMV D3 kysymly pozisioner (6 sany)
Tendere gatnaşmak üçin BILDIRIŞ çap edilen gününden 30 senenama gününiň dowamynda aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:
dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin ýazan arzasyny (kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) taýýarlamaly we aşakda görkezilen salgylara ibermeli;
Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi görkezilmeli.
Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgy boýunça amala aşyrylýar:
745100, Türkmenistan, ş.Balkanabat, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumynyň edarasy.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
+993 61 765 488; + 993 61 882 295.
Elektron salgysy:
sergey.radko@mitromos.com, igor.savochkin@mitromos.com