“Türkmengaz” Döwlet konserni halkara tender yglan edýär: 25.03.2023 - 08.05.2023
21:11 03.03.2023 3313
Hormatly jenaplar!
“Türkmengaz” döwlet konserni tender boýunça toparyň adyndan “Vectra 40G” modelli üç sany kuwwatly turbinalaryň we “Vectra 30G” modelli iki sany kuwwatly turbinalaryň düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça halkara tender yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56, 17-nji gat, “Türkmengaz” DK salgysy boýunça:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bahk hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
- "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyş bolmaly;
- ABŞ-nyň 1725 dollary möçberinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almak bilen) tölemek üçin hasap belgisini almaly;
- tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär;
- bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär;
- bäsleşik teklipli bukjalary görkezilen salga ugratmaly.
Bellik: Tender resminamalarynyň doly bukjasy hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň berler.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312) 40-32-40; 40-32-50;
faks (+99312) 40-32-59.