CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 28.04.2023 – 11.05.2023
01:48 29.04.2023 2844
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Türkmenistanyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynda önüdürilýän gaz kondensatynyň azyndan ýylda 75000 tonnasyny ýerlemek boýunça №CNPCIT-2023SC1 belgili tender yglan edýär
Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýa aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:
- kompaniýanyň ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanan tendere gatnaşmak barada arza;
- kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, rekwizitleri, telefon belgileri barada maglumat bermeli;
- kompaniýanyň hasaba alyş resminamasy, ygtyýarlandyrylan wekile resminamalary tabşyrmak we kabul etmek üçin kompaniýanyň ynanç haty;
- şu hilli hyzmatlary ýerine ýetirmekde iş tejribesi barada maglumat;
- kompaniýanyň soňky 3 ýylyň içinde kondensat ýa-da şoňa meňzeş nebit önümlerini satmak-satyn almak boýunça iş tejribesi; bu ugurda alyp baran taslamalary barada maglumat bermeli;
- soňky 3 ýylyň dowamynda kompaniýanyň maliýe ýagdaýy barada maglumat bermeli;
- sarp edijiler bilen iş gatnaşyklary, esasanam sebitdäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar bilen iş gatnaşyklary;
- Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini tabşyrmaly.
Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirilen iki ýapyk bukjada iňlis we rus dillerinde tabşyrmalydyr. Goşmaça wekiliň pasport nusgasy bilen bilelikde ynanç hatyny hem-de ugrukdyryjy hatyny goşmaly. Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady we bäsleşigiň ady görkezilmelidir.
Elektron salgy boýunça ugradylan we bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.
Arzalar Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, 3-nji gat, 310-njy otag salgy boýunça tabşyrylmalydyr.
Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18:00-a çenli kabul edilýär.
Jogapkär hünärmen: Gylyjow Çaryýar
Telefon belgileri: + 993-12 44 -54-19; + 993-12 44 -53-06;
Faks: + 993-12 44 -55-51.