“Türkmengaz” döwlet konserni gaýtadan halkara tender yglan edýär: 15.05.2023 - 26.06.2023

11:17 22.05.2023 3239

Hormatly jenaplar! 

“Türkmengaz” döwlet konserni tender boýunça toparyň adyndan “Vectra 40G” kysymly iki sany kuwwatly turbinalaryň we “Vectra 30G” kysymly iki sany kuwwatly turbinalaryň düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça gaýtadan halkara tender yglan edýär.  

Bäsleşige gatnaşmak üçin Aşgabat ş. 1939, Arçabil şaýoly 56, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK,  Daşary ykdysady gatnaşyklar bölümi, iş otagy 17.24а salgysy boýunça:

- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bahk hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

  - "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyş bolmaly;

- Bäsleşige gatnaşmak üçin ABŞ-nyň 1725 dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i hasaba almak bilen) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 18:00-a çenli kabul edilýär. 

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Bäsleşik teklipli bukjalary görkezilen salga ugratmaly.

Bellik: Tender resminamalarynyň doly bukjasyny hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň almak bolar. 

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

 (+99312) 40-32-40, 40-33-50;

Faks: (+99312) 40-32-59.

Başga makalalar