"PETRONAS Çarigali Türkmenistan” tender yglan edýär: 08.06.2023 - 21.06.2023
15:47 12.06.2023 3038
"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy buraw galyndylaryny termiki taýdan gaýtadan işleýiş gurluşy bilen üpjün etmek hem-de degişli hyzmatlary bermek boýunça №РСТ/ТКG-WD/2023/002 belgili tendere gatnaşmaga çagyrýar.
№ | tender № | ady | elektron salgysy |
---|---|---|---|
1 | PCT/TKG-WD/2023/002 | Buraw galyndylaryny termiki taýdan gaýtadan işleýiş gurluşy bilen üpjün etmek hem-de degişli hyzmatlary bermek boýunça №РСТ/ТКG-WD/2023/002 belgili tender | tender.tkm8@petronas.com.my |
Tendere gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky resminamalary taýýarlamaly:
• tendere gatnaşmak üçin arza (tenderiň nomerini we adyny hökman görkezmeli);
• arza bermek hukugy üçin ygtyýarlandyrylan wekiliň ynanç haty;
• Türkmenistanda hasaba alnan kompaniýalar üçin kompaniýanyň bellige alyş resminamasynyň nusgalary (eger olar bar bolsa);
Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 (on dört) senenama günüň dowamynda iş wagtlarynda Türkmenistan, ş.Aşgabat, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81 ýa-da tender.tkm8@petronas.com elektron salgy boýunça kabul edilýär.