“Hazar” konsorsiumy tender yglan edýär: 03.08.2023 - 13.08.2023

16:56 10.08.2023 3592

“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy Gündogar Çeleken meýdançasyndaky guýulara ornaşdyrmak üçin öňdebaryjy halkara kompaniýalar tarapyndan öndürilen ýerüsti enjamlary bilen birlikde çuňlukda işlemek üçin gidrawlik hereketlendirijili ştanga görnüşli sorujylaryň 3 (üç) toplumyny satyn almak we olara serwis hyzmatyny bermek üçin aşakda görkezilen lot boýunça tender yglan edýär:

Lot №1 – Öňdebaryjy halkara kompaniýalar tarapyndan öndürilen ýerüsti enjamlary bilen birlikde çuňlukda işlemek üçin gidrawlik hereketlendirijili ştanga görnüşli sorujylaryň 3 (üç) toplumyny satyn almak we olara serwis hyzmatyny bermek.

Tendere gatnaşmak we onuň şertlerini almak üçin bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden 10 (on) senenama gününiň dowamynda (ýerli wagt bilen 18:00 çenli) aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

1. 250 (iki ýüz elli) ABŞ dollary möçberinde tender tölegini tölemeli. "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda GBüS töleginden boşadylýar.

Tender tölegi üçin rekwizitler:

kompaniýanyň şahamçasy MITRO INTERNATIONAL LIMITED TURKMENISTAN walýuta hasaby 232 030 002 201 849 001 69000 TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET DAŞARY YKDYSADY IŞ BANKY 

salgyt kody 302 341 000 023

kor hasaby 211 018 401 101 001 0000 3000 MFO 390 101 201

SWIFT: SBFETM 22. Bank çykdajylary – dalaşgariň öz hasabyna.

2. Bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgäriň ýazmaça arzasy (erkin görnüşde);

3. Bäsleşigiň şertlerini we lotuň häsiýetnamasyny almaly. Bäsleşigiň şertlerini almak we bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgäriň tender töleginiň tölelenendigini tassyklaýan resminamany, ýazmaça arzasyny (kärhana barada gysgaça maglumatlary we elektron poçtasynyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) tabşyrmaly. 

Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Alyşir Nowaýy köçesi, 100, (“Altyn Zaman” binasy) “Hazar” konsorsiumynyň edarasy salgy boýunça amala aşyrylýar. 

Habarlaşmak üçin telefon:

+993 12 44-33-00

Faks:

+993 12 44-33-01

Elektron salgylary:

a.ishankuliyeva_asb.mitro@mail.ru, sergey.radko@mitromos.com, igor.savochkin@mitromos.com

Başga makalalar