Sogap işleriň başynda
Ilatyň abadan we
eşretli durmuşda ýaşamagynda agyz suwy möhüm orunlarynyň birini eýeleýär. Şol
sebäpli halkymyz Hakyň didaryny gören suwy ýaşaýşyň gözbaşy hasaplaýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň obadyr şäherlerini oňat hilli agyz suwy bilen
üpjün etmek meselesi ileri tutulyp çözülýär. Bu
Şu maksatnamanyň çäginde ýurdumyzyň
gündogar welaýatynda hem önjeýli işler bitirilýär. Wajyp işde
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmen geologiýa gözleg
ekspedisiýasynyň Köýtendag geologiýa gözleg partiýasynyň işine ezber
hünärmenleri gaýratlylyk we başarnyk görkezýärler.