Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
13:01 13.08.2023 6162
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.
Myrat Arçaýewiň belleýşi ýaly, şu ýylyň 11-nji awgustynda birnäçe köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Ykdysady hyzmatdaşlyk departamentiniň direktory Dmitriý Biriçewskiniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» babatda beýan eden habaryny ýaýratdylar. Onuň belleýşi ýaly, Russiýa «gaz ulgamynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligini» aradan aýyrmaýar hem-de «muňa beýleki döwletleriň hem gyzyklanma bildirýändigini» bilýär.
J-p Biriçewskiniň aýdanlary azyndan birnäçe sowaly ýüze çykarýar. Haýsy «giňeltmek mümkinçilikleri» barada gürrüň barýar, haýsy «beýleki döwletler» oňa gyzyklanma bildirýär we umuman gaz ulgamyndaky «üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň» aňyrsynda nämeler durýar?
— Rus diplomatynyň sözleri bu sowallaryň hiç birine anyk jogap bermeýär. Bu meselede bolsa doly anyklyk we aýdyňlyk zerurdyr, çünki şunda beýleki döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň hem bähbitleri bardyr – diýi Arçaýew belledi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan hem-de Hytaý Merkezi Aziýadan Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gazy anyk ylalaşylan möçberlerde, möhletlerde, ykdysady we tehniki görkezijilere laýyklykda ibermek boýunça uzak wagtyň dowamynda hyzmatdaşlyk edip gelýärler.
Häzirki wagtda «Türkmenistan – Hytaý» gaz geçirijisiniň üç şahasy hereket edýär. Olar boýunça ýurdumyzyň gündogar we günorta-gündogar ýataklaryndan tebigy gaz iberilýär. Bu şahalaryň üçüsi, olaryň işini üpjün edýän önümçilik kuwwatlyklary hem türkmen we hytaý taraplary –«Türkmengaz» döwlet konserni we Hytaýyň CNPC nebitgaz kompaniýasy tarapyndan bilelikde guruldy.
Häzirki günde bu turbageçiriji boýunça iň iri gaz iberijisi Türkmenistan bolup durýar. Iberilýän gazyň ylalaşylan ýylda 55 milliard kub metr möçberiniň 40 milliard kub metrini ýurdumyz iberýär, galan möçberi bolsa Özbegistan hem-de Gazagystan tarapyndan üpjün edilýär.
Turbageçirijini doldurmak üçin beýleki ýurtlardan gaz çeşmeleri göz öňünde tutulan däldir we «Türkmenistan – Hytaý» gaz geçirijisiniň taslamasyna gatnaşyjylaryň düzümini giňeltmek meýilleşdirilmeýär.
Türkmenistan hytaý, özbek we gazak hyzmatdaşlarynyň öňünde öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirýär we olaryň hem ýerine ýetirjekdigine kanuny esasda bil baglaýar.
Şeýle hem bar bolan infrastrukturany ulanmak arkaly tebigy gazyň iberilmeginiň ylalaşylan we resmileşdirilen möçberleriniň hem-de ugurlarynyň islendik üýtgedilmegi ähli gatnaşyjylar bilen hökman deslapky ylalaşylmagyny talap edýär. Bu babatda Türkmenistan bilen hiç hili geňeşmeler geçirilmedi.
— Şeýle çemeleşme türkmen tarapy üçin düşnüksiz we kabul ederliksizdir hem-de ýurdumyz tarapyndan halkara hukugynyň kadalaryna we gaz ulgamyndaky iş tejribesine laýyk gelmeýär diýlip garalýar – diýip Arçaýew aýtdy.
— Şunuň bilen baglylykda, resmi wekilleriň ýurdumyzyň halkara borçnamalaryna dahylly we olary ýerine ýetirmek babatda beýleki gatnaşyjylaryň arasynda düşnüksizlige getirýän beýannamalary Türkmenistanda çynlakaý ynjalyksyzlyk döredýär.
Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna jogapkärçilikli çemeleşýän döwlet hökmünde, Türkmenistan, halkara hyzmatdaşlygynyň, şol sanda energiýa serişdelerini ibermek ýaly, möhüm ulgamdaky hyzmatdaşlygyň açyk we aýdyň ölçegler, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak we ony hasaba almak, gazanylan ylalaşyklary berk berjaý etmek ýörelgeler esasynda ýola goýulmalydygyndan ugur alýar. Daşary ykdysady ýagdaýlaryň üýtgäp durmagy bu ýörelgeleri üýtgetmek üçin sebäp bolup bilmez – diýip «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew belledi.
TNGIZT-niň önümleri birža söwdalarynda esasy orny eýeleýär
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanyň we HHR-niň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek çärelere taýýarlyk maslahatlaşyldy — DIM
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen şenbe güni «Hytaý – Merkezi Aziýa döwletleri» sammiti hem-de Pekin şäherinde XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bilen bagly bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň, Pakistanyň we Hindistanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar
Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek meseleleri Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistandan kärdeşi Subramanýam Jaýşankar we Pakistandan Şah Mahmud Kureýşi bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
2021-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan Gruziýa awia ýangyç ibermekde lider boldy
2021-nji ýylda Gruziýa awiasion ýangyjyny ibermekde Türkmenistan birinji orny eýeledi diýip, Report agentligi Gruziýanyň nebit önümlerini import edijiler birleşigine salgylanyp habar berýär. Geçen ýylda Türkmenistandan Gruziýa 57,7 müň tonna awiaýangyç iberildi.
Türkmenistanda wodorod energetikasy ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça «Ýol kartasy» işlenip düzüldi
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» taslamasyny hödürledi.