Baş baýlygyň goragynda
«Türkmengaz» döwlet konserniniň
«Marygazçykaryş» müdirliginiň durmuş taýdan dolandyryş edarasyna degişli
«Şatlyk» keselleriň öňüni alyş şypahanasy indi ençeme ýyllardan bäri
il-halkymyza ýokary medeniýetli hyzmat edip, bagtyýar raýatlarymyzyň saglygynyň
pugtalandyrylmagyna öz goşandyny goşýar.
Bir tapgyrda 104 adamy kabul edýän bu
şypahanada her ýylda özüniň manyly ömründe netijeli zähmet çekip, hormatly dynç
alşa çykan ýaşuly nesliň wekilleriniň, zähmet rugsadyndaky dürli kärdäki
raýatlaryň müňlerçesi dynç alýar hem saglygyny pugtalandyrýar.