Nebitgaz toplumynda sekiz aýyň jemlerine garaldy
18:13 11.09.2023 8535
11-nji sentýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 8-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işini kämilleşdirmekde we yzygiderli ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýändigini, onuň netijeli işini gazanmakda maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny belledi hem-de pudagyň öňünde wajyp wezipeleriň kesgitlenendigini nygtady.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça müdirliginiň başlygy Berdigylyç Çaryýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we öňde durýan wezipeler barada hasabat bilen çykyş etdiler.
Hasabat ýygnagynda ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy çykarmak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, toplumyň işinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak, «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny üns merkezinde saklamak, howanyň dürli şertlerine görä, önümçilik kuwwatlyklarynyň bökdençsiz işini guramak, möwsümleýin işleri talabalaýyk alyp barmak, gazyň we nebitiň çykarylyşynyň netijeliligini artdyrmak, gurluşyk işleriniň depginini has-da çaltlandyrmak we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.
Hasabat ýygnagynda wise-premýer Batyr Amanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilýän iri taslamalary elmydama gözegçilikde saklamagyň, pudagyň işine häzirki zaman tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, önümçilik, ösüş meýilnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, hünärmenleriň iş tejribelerini yzygiderli artdyrmagyň möhümdigini belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň işgärlerine nebitgaz senagatyny ösdürmekde, öňde goýlan wezipeleri netijeli çözmekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.
Hasabat ýygnagyna Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew hem gatnaşdy.
Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny
Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar. Energiýanyň bolsa häzirki zamanda dürli çeşmeleri bar. Bu babatda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy aýratyn wajyplyga eýedir.
Prezident «Türkmengeologiýa» DK-nyň geologiýa gözleeg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär
Geçen şenbe güni Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýolbaşçysynyň hem-de agzalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda toparyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenen dalaşgärleri bellige almak meselesi girizildi.
Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň Konseptual strategiýasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy işlenip düzülýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebiti gaýtadan işleýän senagaty kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler we ugurdaş, uzak möhletli iş meýilnamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda suwuklandyrylan gaz we dizel ýangyjy öň hatarda boldy
Suwuklandyrylan gaz (her tonnasy 353 dollar) we Л-0,5-62 kysymly dizel ýangyjy (her tonnasy 585 dollar) anna güni, 7-nji iýulda birža söwdalarynda uly islegden peýdalandy.