Ýaşlara nusgalyk ýörelge

10:13 14.09.2023 6102

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/8604/original-165042ccb01d4c.jpg

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy. 

Dabaraly çärede Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow, Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, nebitgaz toplumynyň işgärleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň 1-nji sentýabrda geçiren umumy okuw sapagynyň bagtyýarlyk döwrümiziň taryhy wakasyna öwrülendigi, ýaşlarda watansöýüjiligi hem-de halkymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrandygy barada bellediler. 

Hoşallyk maslahatynyň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli bilim, ylym ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilmegi, bilimli, sagdyn ruhly, ýokary ahlakly ýaşlary kemala getirmek, olary döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldamak ugrunda alnyp barylýan beýik işler hem-de bu ugurda gazanylýan ösüş-özgerişlikler baradaky buýsançly gürrüňlere giň orun berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim, ylym ulgamynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzyň dürli künjeginde yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän okuw-terbiýeçilik maksatly binalar, türkmen ýaşlarynyň milli we halkara ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda gazanýan ajaýyp üstünlikleri munuň aýdyň beýanydyr. Bular dogrusynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýewiň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň okuw bölüminiň hünärmeni Mergen Amanowyň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Umumy bölüminiň baş hünärmeni, konserniň demokratik partiýasynyň ilkinji guramasynyň başlygy Myrat Atagarryýewiň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Merkezi önümçilik barlaghanasynyň himik-laboranty Aýgül Durdyýewanyň we beýlekileriň çykyşlarynda giňişleýin bellenilip, milli bilim, ylym ulgamyny halkara derejesine ýetiren hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy. 

Dabaraly çäräniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary nebitgazçylarda we myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Başga makalalar
164e8574a131f2.png
Yragyň wekiliýeti «Türkmengaz» DK bilen türkmen tebigy gazyny satyn almagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylygy bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Yragyň wekiliýetine Energetika ministriniň orunbasary Adil Karim Kak Ahmed we nebit ministriniň orunbasary Ezat Sabir Esmail ýolbaşçylyk etdi.


164ec3fdd19f66.jpg
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda ýedi aýda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy

27-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.


164e880be73b68.jpg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Palestinanyň daşary işler ministri özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Penşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikiniň arasynda geçirilen duşuşykda özara bähbitli türkmen-palestina ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň barlygy maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.


164ec348cdc0d3.jpg
Ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy

2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% boldy. Bu barada maglumat geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.


164e6fdae84031.jpg
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň DIM-niň wekilleri söwda, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-Malaýziýa DIM-leriniň arasynda onlaýn görnüşde geňeşmeler geçirildi. Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.