Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar

13:32 22.09.2023 4861

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/8684/original-1650d403537f81.jpg

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 42 ýaşaýar. Döwlet Baştutanyny doglan güni mynasybetli daşary ýurtly kärdeşleri, şeýle hem türkmen Hökümetiniň agzalary gutladylar.

«Russiýada Siziň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ähli ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlyga goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berilýär. Biziň dostlukly halklarymyzyň abadançylygynyň, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça netijeli gatnaşyklarymyzyň, bilelikdäki ysnyşykly işimiziň dowam etdirilmegine umyt edýärin» - diýlip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň gutlagynda aýdylýar.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew öz gutlagynda, «Biz Sizi türkmen halkynyň hormat-sarpasyna mynasyp bolan döwlet we syýasy işgär, hakyky watançy, öz Watanynyň wepaly ogly hökmünde tanaýarys. Soňky ýyllarda Siziň baştutanlygyňyzda halkyňyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak işi dowam etdirilýär, ýurduňyzyň halkara giňişlikdäki abraýy has-da belende galýar.

Biziň dostlukly gatnaşyklarymyz, ýokary derejedäki duşuşyklarymyz we yzygiderli dialog arkaly iki ýakyn goňşy ýurduň strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de yzygiderli we netijeli ösdürip biljekdigiňize ynanýaryn» diýip belleýär.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew: «Häzirki wagtda Siziň baştutanlygyňyzda doganlyk Türkmenistan durnuklylygy, durmuş-ykdysady ösüşi, öz raýatlarynyň abadançylygyny üpjün etmek ýoly bilen ynamly öňe barýar, özüniň halkara abraýyny yzygiderli berkidýär. Siziň strategik ugruňyza eýerip we möhüm başlangyçlarydyr özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirip, Türkmenistanyň döredijilikli ösüşini dowam etdirjekdigine, güýçli we gülläp ösýän döwleti gurmak boýunça belent maksatlara ýetjekdigine ynanýaryn» diýip belledi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon: «Men iki ýurduň döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy şerti hökmünde ýokary derejedäki özara ynanyşmak ýagdaýyndaky täjik-türkmen dialogyna uly ähmiýet berýärin. Golaýda Duşenbe şäherinde geçirilen çärelere Siziň işjeň gatnaşmagyňyza bu ösüşiň okgunly bolmagyny üpjün etmek boýunça biziň hemişelik bilelikdäki tagallalarymyzyň nobatdaky subutnamasy hökmünde baha berýärin. Täjigistan bilen Türkmenistanyň özara gatnaşyklarynyň iki doganlyk halkyň jana-jan bähbitlerine mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn» diýip belleýär.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew: «Azerbaýjan-türkmen gatnaşyklary asyrlaryň dowamynda dostlukda, doganlykda we hoşniýetli goňşuçylykda ýaşaýan halklaryň erk-islegine esaslanýar. Şeýle berk binýada daýanýan gatnaşyklaryň günsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyna şatdyryn. Siziň bilen ýakynda Duşenbe şäherinde bolan duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky, şol sanda Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň arasyndaky sebit hyzmatdaşlygynyň depginli ösüşine kanagatlanma bildirýärin. Däp bolan dostlukly gatnaşyklarymyzyň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň we işjeň syýasy dialogymyzyň mundan beýläk-de ýurtlarymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine, sebitde abadançylygyň üpjün edilmegine ýardam berjekdigine berk ynanýaryn» diýip belledi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow: « Halklarymyzyň düýpli bähbitlerini ilerletmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalarymyzyň, şeýle hem aramyzda ýola goýlan dostluk we özara hormat goýmak gatnaşyklarynyň netijesinde gyrgyz-türkmen strategik hyzmatdaşlygy işjeň ilerledilýär. Gadymdan gelýän dostluga, ynanyşmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan köpugurly gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn» diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli wise-premýerler, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gutladylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyza ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Başga makalalar
164e8574a131f2.png
Yragyň wekiliýeti «Türkmengaz» DK bilen türkmen tebigy gazyny satyn almagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylygy bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Yragyň wekiliýetine Energetika ministriniň orunbasary Adil Karim Kak Ahmed we nebit ministriniň orunbasary Ezat Sabir Esmail ýolbaşçylyk etdi.


164ec3fdd19f66.jpg
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda ýedi aýda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy

27-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.


164e880be73b68.jpg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Palestinanyň daşary işler ministri özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Penşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikiniň arasynda geçirilen duşuşykda özara bähbitli türkmen-palestina ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň barlygy maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.


164ec348cdc0d3.jpg
Ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy

2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% boldy. Bu barada maglumat geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.


164e6fdae84031.jpg
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň DIM-niň wekilleri söwda, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-Malaýziýa DIM-leriniň arasynda onlaýn görnüşde geňeşmeler geçirildi. Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.