«Gazprom» Türkmenistanyň, Russiýanyň we Kataryň gatnaşmagynda gaz merkezini döretmek hakynda Eýranyň pikirini öwrener

13:19 16.10.2023 8837

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/8859/original-1652d197581227.jpg

«Gazprom» Türkmenistanyň, Russiýanyň we Kataryň gatnaşmagynda gaz merkezini döretmek hakynda Eýranyň pikirini öwrener.

«Eýranyň Türkmenistanyň, Russiýanyň we Kataryň gatnaşmagynda gaz merkezini döretmek baradaky teklibine baha bermek we öwrenmek gerek» diýip, Russiýanyň wise-premýeri Aleksandr Nowak RT Arabik teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.

“Meniň pikirimçe, “Gazprom” kompaniýamyz bu meseläni öwrener. Eger bu, hakykatdanam, hakyky we potensial gowy taslama bolsa, elbetde, oňa Russiýa hem gatnaşar. Ýöne oňa baha bermeli we öwrenmeli” – diýip, Nowak belledi.

Şeýle-de, Russiýanyň wise-premýeri häzirki wagtda türk hyzmatdaşlarynyň “Gazprom” tarapyndan Türkiýede gaz merkezini döretmegiň taslamasy boýunça taýýarlanan ýol kartasyny gözden geçirýändiklerini aýtdy.

Geçen hepde “Gazpromyň” ýolbaşçysy Alekseý Miller Eýranyň nebit ministri, NIOC-yň Müdirler geňeşiniň başlygy Jawad Ouji we Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktar bilen duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklar 11 – 13-nji oktýabrda Moskwada geçirilen “Rus energetika hepdeligi – 2023” halkara forumynyň çäginde geçdi.

Başga makalalar
164e8574a131f2.png
Yragyň wekiliýeti «Türkmengaz» DK bilen türkmen tebigy gazyny satyn almagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylygy bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Yragyň wekiliýetine Energetika ministriniň orunbasary Adil Karim Kak Ahmed we nebit ministriniň orunbasary Ezat Sabir Esmail ýolbaşçylyk etdi.


164ec3fdd19f66.jpg
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda ýedi aýda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy

27-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.


164e880be73b68.jpg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Palestinanyň daşary işler ministri özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Penşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikiniň arasynda geçirilen duşuşykda özara bähbitli türkmen-palestina ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň barlygy maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.


164ec348cdc0d3.jpg
Ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy

2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% boldy. Bu barada maglumat geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.


164e6fdae84031.jpg
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň DIM-niň wekilleri söwda, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-Malaýziýa DIM-leriniň arasynda onlaýn görnüşde geňeşmeler geçirildi. Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.