BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy Türkmenistanyň uglerod bitaraplygy boýunça maksatlaryny goldaýar

14:00 26.10.2023 8690

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/9028/original-16539fc8349a61.jpg

BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy (BMG ÝYK) Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Metan boýunça ählumumy borçlulyga goşulmagyny öwrenmek boýunça 2023-2024-nji ýyllarda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Ýol kartasyny tassyklamagyny goldaýar. Bu barada BMG-niň ÝYK-nyň durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti Aşgabatda çarşenbe güni öz işine başlan «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023» Halkara maslahatynyň umumy mejlisiniň açylyşynda eden çykyşynda belledi.

Dario Liguti Türkmenistany 2024-nji ýylyň 18-20-nji martynda Ženewada geçiriljek metan boýunça ählumumy foruma gatnaşmaga çagyrdy. Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýada metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça çäreleri maslahatlaşmak üçin tegelek stol geçirmek meýilleşdirilýär.

Forum metan zyňyndylaryna garşy göreşmekde işleri wagyz etmeklige we metan zyňyndylaryny azaltmakda ösüş gazanmaga gönükdirilen tagallalary birleşdirmeklige gönükdirilendir. Çäre BMG-niň ÝYK we Ählumumy Metan merkezi we Arassa klimat we arassa howa birleşigi bilen hyzmatdaşlykda Metan boýunça ählumumy Başlangyç tarapyndan guralar.

Liguti öz çykyşynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan işlenip düzülen esasy döwlet maksatnamalaryna üns çekdi.

Onuň aýtmagyna görä, BMG-niň ÝYK bu kadalaşdyryjy hukuk namalaryny durmuşa geçirmek, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar üçin hyzmatdaşlyk etmäge şertleri döretmek üçin Türkmenistan bilen özara gatnaşyk etmäge taýýar. Şu nukdaýnazardan özara gatnaşykdaky iki sany ulgam bilelikdäki tagallalar we hyzmatdaşlyk üçin esasy ugur bolup biler.

BMG-niň ÝYK-nyň wekili bu ýokary maksatlar ýurduň durmuş taýdan ösüşiniň geljegini üpjün eder. 

Başga makalalar
164e8574a131f2.png
Yragyň wekiliýeti «Türkmengaz» DK bilen türkmen tebigy gazyny satyn almagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylygy bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Yragyň wekiliýetine Energetika ministriniň orunbasary Adil Karim Kak Ahmed we nebit ministriniň orunbasary Ezat Sabir Esmail ýolbaşçylyk etdi.


164ec3fdd19f66.jpg
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda ýedi aýda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy

27-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.


164e880be73b68.jpg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Palestinanyň daşary işler ministri özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Penşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikiniň arasynda geçirilen duşuşykda özara bähbitli türkmen-palestina ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň barlygy maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.


164ec348cdc0d3.jpg
Ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy

2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% boldy. Bu barada maglumat geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.


164e6fdae84031.jpg
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň DIM-niň wekilleri söwda, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-Malaýziýa DIM-leriniň arasynda onlaýn görnüşde geňeşmeler geçirildi. Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.