OGT-2023 forumyna gatnaşyjynyň we onuň hemaýatkäriniň interwýusy

10:05 29.10.2023 8754

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/9054/original-1653aa53ab250e.jpg

Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda  “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT 2023) atly XXVIII Halkara maslahaty we sergisi geçirildi.   

Giň gerimli forum piki alyşmak, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we strategiýalary işläp düzmek üçin hakyky işewürlik meýdançasyna öwrüldi.  

OGT 2023 gatnaşyjylar energetikanyň geljegi, türkmen nebitgaz pudagynyň maýagoýum  mümkinçilikleri, ýaşyl energetika, uglewodorodlary işläp taýýarlamagyň ekologiýa jähtleri, tehnologiýa innowasiýalary we elýeterli energiýany üpjün etmekde adam maýasynyň orny ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.         

Hut şol möhüm meselelere OGT 2023-iň esasy (altyn) hyzmatdaşy bolup çykyş eden PEL Ltd kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Eduard Gasanow “Nebit-gaz” gazetine interwýusynda aýratyn üns berdi:

Eduard Sarifowiç, PEL Ltd kompaniýasynyň işiniň esasy ugurlary barada aýdaýsaňyz?

- Biziň kompaniýamyz  tehnologiýalar bilen meşgullanýar hem-de esasy kompetensiýalary: tenologiýalary, inžiniringi we taslamalaryň toplumlaýyn amala aşyrylmagyny birleşdiriji tehnologik integrator bolup durýar.  

PEL nebiti we gazy gaýtadan işleýän pudak üçin innowasion toplumlaýyn çözgütleri teklip edýär. Ekologiýa inžiniringi – nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak, energiýa talabedijiligi azaltmak hem-de iň gowy, elýeterli tehnologiýalaryň görkezijilerini gazanmak bilen onuň daşky gurşawa ýaramaz täsirini kemeltmek boýunça çözgütler toplumyny işläp taýýarlamagyň we birleşdirmegiň esasynda taslamalary amala aşyrmak işimiziň esasy ugry bolup durýar.      

Kompaniýa inžiniring-konsalting we maýagoýum-konsalting bazarynda öňdäki orunlary eýeleýär.

— PEL-iň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda toplan tejribesi barmy?

— 2000-nji ýyllaryň başynda kompaniýanyň hünärmenleri ýurduň iri gaz ýataklarynyň gorlaryny gaýtadan işleýän birnäçe zawody döwrebaplaşdyrmak işlerine gatnaşdylar. Gazy arassalamak, energiýa harjyny azaltmak bilen meşgullandylar. Ol wezipeleri üstünlikli berjaý edip, oňat baha mynasyp boldular.     Häzir bolsa, biz hyzmatdaşlygy dowam etmäge gyzyklanma bildirýäris, üstesine-de, soňky on ýylyň içinde kompaniýa tehnologiýalar we ekologiýa meselesi boýunça uly tejribe toplady. 

— «Türkmengaz» DK bilen hyzmatdaşlyk etmek meýilnamalaryňyz barada gürrüň beräýseňiz?

— PEL kompaniýasy ilkinji nobatda dünýäde iri “Galkynyş” gaz käniniň taslamasyny amala aşyrmaga gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär. 

Ol ägirt uly kuwwaty bolan ähmiýetli taslamalaryň biri. Ony amala aşyrmak üçin döwrebap tehnologiýalar zerurdyr. Ilkinji nobatda, metan galyndylaryny azaltmak maksady bilen ýokary ekologiýa gün tertibi bilen tapawutlanýan tehnologiýalar hem-de olar saýlanyp alynanda çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalar gerek.

— “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegi amala aşyrmak üçin PEL kompaniýasynyň belli bir teklibi barmy? 

— PEL-iň wezipesi ýurduň uglewodorod kuwwatyny artdyrmak, şeýle hem ygtybarly energetika kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürip, şunda öňdebaryjy iş tejribesiniň berjaý edilmegini we daşky gurşawa hormat goýulmagyny üpjün etmek bolup durýar.   

Biz taýyn tehnologiýalary teklip edýäris. Kompaniýa gazy kükürtli wodoroddan we СО2 (kömürturşy gazdan) arassalamak ýaly tehnologik wezipeleri üstünlikli amala aşyrmagy başarýar. Häzir biz tehnologik çözügüdiň çäklerinde durnukly ösüşiň konsepsiýasynyň ýörelgelerini berjaý etmek bilen  käbir möhüm wezipeleri çözmekde bilim we tejribe berip bilýän kompaniýa bolup durýarys.  

Biz gaz taýýarlamak, gazy we nebiti gaýtadan işlemek, gaz taýýarlaýyş tapgyrynda  СО2-niň howa zyňylma töwekgelçiliklerini aradan aýyrmak maksady bilen ony  sordurmak boýunça ekologiýa çözgütleri bilen bagly bolan taslamany amala aşyryp bileris.

— Şol taslamalar amala aşyrylsa ýurt üçin nähili ähmiýeti bolar?

— Öňi bilen uly ykdysady netije, goşmaça iş orunlary, durmuş ähmiýetliligi we aýratyn hem eksport ugurly gazyň sarp edilişiniň energobalansyna goşant bolar.        

Türkmenistan geografik taýdan ajaýyp künjekde ýerleşýär. Çepinde – Ýewropa, Sagynda – Aziýa. Şeýle hem ýurdy hyzmatdaş döwletler gurşap alýar, bu bolsa, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedir. Şonuň bilen birlikde ýurduň uly eksport gaz kuwwaty bar. Türkmenistan gaz kuwwaty boýunça esasy ýurtlaryň bäşisiniň hataryna girýär, iri taslamalary amala aşyrmak üçin bolsa, döwrebap tehnologiýalar we öňdebaryjy tejribe zerur bolup durýar. 

Ozal amala aşyrylan taslamalary, şol sanda Özbegistanyň Mübärek we Şurtan gazy gaýtadan işleýän zawodlarynda amala aşyrylan taslamalary nazara alanyňda biziň kompaniýamyzyň toplan tejribesi iri taslamalary amala aşyrmagyň has amatly görnüşini teklip etmäge mümkinçilik berýär. Sözüň doly manysynda bu  tehnologiýalar, gurluşyk, desgalary  işe girizmek, işgärleri taýýarlamak we zawodyň belli bir iş tapgyrynda tehniki goldaw bermek diýmegi aňladýar. Şeýlelikde, biz töwekgelçilikleri azaldýarys hem-de gaz önümçilik işini durnukly edýäris, bu bolsa, ýurduň eksport deňhukuklylygynyň energobalansyna oňyn täsirini ýetirip biler.  

PEL Ltd hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhümdigine düşünmek bilen hyzmatdaşlyga, çeýelige we hyzmatdaşlaryň isleg-arzuwlaryna tiz täsir etmek ukybyna esaslanan çemeleşmä eýerýär.

— Siziň kompaniýaňyz häzirki forumyň esasy (altyn) hemaýatkäri bolup durýar,  bu barada hem pikiriňizi aýdaýsaňyz? 

— Biz bu möhüm halkara çäresiniň üstünlikli geçmegine mynasyp goşandymyzy goşmaga mümkinçiligiň döränligi üçin onuň guramaçylaryna hoşallygymyzy beýan edýäris.   Bu bize bildirilen ynam hökmünde kabul edilýän möhüm pursat boldy. Kompaniýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär. 

— Siz sergä we maslahata gatnaşdyňyz, bu çäreleriň ähmiýeti barada pikiriňizi aýdaýsaňyz?

— OGT 2023 forumynyň ähli çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçmegi diýseň bellärliklidir. Olar strategik nebitgaz pudagynda Türkmenistanyň kuwwatyny we mümkinçiliklerini açyp görkezýär. Geljekki hyzmatdaşlar öz gezeginde öz mümkinçiliklerine baha berip bilerler. Mysal üçin, Türkmenistanda nebitgaz taslamalaryny üstünlikli amala aşyrmak üçin näme teklip edip bileris, haýsy ugurda bilimlerimizi, tejribämizi, gazananlarymyzy teklip edip bileris, uzak möhletli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy nähili meýilleşdirmeli diýen ýaly kesgitlenme gerek.   

8 müňden gowrak işgäri hem-de uly tejribesi bolan PEL Ltd kompaniýasynyň Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň okgunly ösmegine goşandyny goşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýratyn bellemek isleýärin. 

PEL kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa OGT 2023 halkara forumyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin. Bu forum döwlet baştutanynyň goldaw bermegi bilen türkmen ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça ýurtda geçirilýän köpugurly işleriň beýanyna öwrüldi. 

Başga makalalar
164e8574a131f2.png
Yragyň wekiliýeti «Türkmengaz» DK bilen türkmen tebigy gazyny satyn almagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylygy bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Yragyň wekiliýetine Energetika ministriniň orunbasary Adil Karim Kak Ahmed we nebit ministriniň orunbasary Ezat Sabir Esmail ýolbaşçylyk etdi.


164ec3fdd19f66.jpg
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda ýedi aýda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy

27-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.


164e880be73b68.jpg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Palestinanyň daşary işler ministri özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Penşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikiniň arasynda geçirilen duşuşykda özara bähbitli türkmen-palestina ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň barlygy maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.


164ec348cdc0d3.jpg
Ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy

2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% boldy. Bu barada maglumat geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.


164e6fdae84031.jpg
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň DIM-niň wekilleri söwda, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-Malaýziýa DIM-leriniň arasynda onlaýn görnüşde geňeşmeler geçirildi. Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.