TOPH gaz geçirijisi: parahatçylygyň we durnuklylygyň taslamasy
08:56 31.10.2023 15350
Bu günki gün dünýäde köplenç birek-birege gapma-garşy gelýän üç sany çagyryşy ylalaşdyrmak zerurlygy turýar: energetika howpsuzlygy, energetiki adalatlylyk we ekologiýa durnuklylygy. TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy ekologiýa durnuklylygyny saklap, sebitiň energetika hoowpsuzlygyna düýpli goşant goşup biler. Bu mowzuk TAPI Pipeline Company Ltd-niň baş ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanowyň Aşgabatda 25-27-nji oktýabrda geçen «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023» Halkara maslahatynda eden çykyşynyň esasyny düzdi.
Çykyşda bellenilişi ýaly, TOPH taslamasy Hökümetara ylalaşygyna we Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň Hökümetleriniň arasynda gaz geçirijisi hakynda Çarçuwalaýyn ylalaşyga laýyklykda amala aşyrylýar. Türkmenistan iberiji; Owganystan, Pakistan we Hindistan – satyn alyjy bolup çykyş edýär. Diametri 56 dýum bolan gaz geçirijiniň uzynlygy 1853 km: ol Türkmenistanda «Galkynyş» gaz käninden başlap, Owganystanyň we Pakistanyň çäginden geçip, Hindistanyň serhedine çenli barar.
Ol ýylda 33 milliard kub metre çenli gaz iberer. Amanowyň bellemegine görä, TOPH üçin tebigy gaz «Galkynyş» gaz käninden — subut edilen gowy 27,4 trln kub metr bolan dünýäde ikinji iň iri gaz käninden alnar. TOPH gaz geçirijisiniň uzynlygy 1639 kn bolan owgan we pakistan böleginiň gurluşygyny TAPI Pipeline Company Ltd kompaniýasy ýerine ýetirer. Ol gatnaşyjy dört döwletiň döwlet gaz kompaniýalary tarapyndan esaslandyrylan sosial kompaniýadyr. Gaz geçiriji Owganystanyň we Pakistanyň bäş sany welaýatyndan geçýär. Onuň geçjek ugry gür ilatly nokatlardan sowa geçer ýaly edilip düzüldi, şol bir wagtda infrastruktura saklanyp galar ýaly edildi we TOPH ýurtlarynyň daşky gurşawyň aýawly saklanylmagyna we medeni mirasyň goragly bolmagyna üns berildi. M.Amanowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan TOPH ýurtlaryny bäsdeşlige ukyply bahalardan ygtybarly tebigy gaz bilen üpjün etmekligi möhüm hasaplaýar, çünki munuň özi ykdysady ösüş arkaly parahatçylyga we durnuklylyga getirer; energetika garyplygy peselder we arassa tebigy gaz geçmegiň hasabyna howanyň hapalanmagyny derejesini peselder.
Aşgabat şu maksatlara ýetmek üçin TOPH taslamasyny mümkin boldugyndan tiz wagtda durmuşa geçirmäge ymtylýar. 2020-nji ýyldan bäri dünýäniň dürli wehimlere duçar bolýandygyna garamazdan, bize TOPH taslamasyny oňyn depginini saklamak başartdy. Sebitde we dünýäde emele egelen ýagdaýlaryň netijesinde biz işiň häzirki ugurlarynda we taslama işinde ünsi jemledik diýip, Amanow belledi. Bellenilişi ýaly, «Türkmengaz» TOPH gaz geçirijisiniň türkmen bölegini dolulygyna gurdy we häzirki wagtda ulanyşa girizmäge taýýar.
Owganystanyň häzirki hökümeti bar bolan taslama ylalaşyklarynyň ählisiniň güýjündedigini tassyklady. Taslama kompaniýasy owgan tarapy bilen ýerleriň paýlanylmagynyň çyzgysyny ylalaşdy. Oňňa laýyklykda, wezipeleriň we borçlaryň paýlanylmagy, şeýle hem öwezini dolmak gurallary göz öňünde tutulýar we halkara karz berijileriň talaplary nazara alynýar.
— Biz halkara standartlaryna laýyklykda, taslamanyň gurulmagy we ulanyşa girizilmegi boýunça ähli tapgyrlar üçin zerur bolan howpsuzlyk çäreleri babatda owgan tarapy bilen gepleşikleri dowam edýäris – diýip, Amanow belledi we häzirki wagtda kompaniýanyň ýuridiki maslahatçylar we gyzyklanma bildirýän degişli taraplar bilen taslama üçin sanksiýa howplaryny peseltmek boýunça ýol kartasynyň üstünde işlenilýändigini sözleriniň üstüne goşdy. Türkmenistanyň we Pakistanyň Hökümetleriniň goldaw bermeginde 2023-nji ýylyň iýun aýynda «Türkmengaz» DK we Pakistanyň Energetika ministrligi TOPH taslamasyny tizleşdirip durmuşa geçirmegiň Bilelikdäki meýilnamasyna gol çekdiler. Munuň özi pakistan ugry bilen bagly ugurlary gutarnykly işlemek üçin itergi boldy.
Bu resminama gol çekilmeginiň netijesinde Taslama kompaniýasy we Pakistanyň Hökümeti kabul edýän tarapyň Hökümeti bilen Ylalaşygyň doly formasy babatda gepleşiklerde öňe ilerledi. Bu resminamanyň üstünde işlemekligi 2023-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.
— Biz şeýle hem gazy ibermegiň Ylalaşygynyň we turba geçiriji ulgamy ulanmagyň Düzgünleriniň üstünde iş alyp barýarys. Bu gepleşikler öňe ilerledilýär — diýip, M.Amanow aýtdy. Pakistan TOPH taslamasyny 2022-nji ýylyň daşary ýurt maýa goýumlaryny höweslendirmek we goramak Kanunyna goşmak mümkinçiligine garaýar. Munuň özi halkara karz berijiler üçin mümkin bolan howplary düýpli pese düşürer. Taslama kompaniýasy we Pakistanyň Hökümeti ileri tutulýan ýörelgeleri, şol sanda ýerleri paýlamakda we gaz geçirijini gurmak we ulanmak döwründe howpsuzlyk çäreleri babatda wezipeleri we borçnamalary ylalaşdylar. Görnüp duran ykdysady bähbitlerden başga-da, TOPH ekologiýa we sosial bähbitleri hem getirip biler. Mundan başga-da, has arassa gazylyp alynýan tebigy baýlyk hökmünde tebigy gaz ýakyn ýyllarda energetiki garyplygy aýyrmakda we daşky gurşawyň goraglylygyny güýçlendirmekde möhüm orny eýeläp biler. TOPH suwuklandyrylan tebigy gaz üçin energiýa bilen deňeşdirilende daşamakda CO2-niň zyňyndylaryny düýpli azaldyp biler. Bu taslama tebigy gazy geçiş ýangyjy hökmünde ulanmagyň hasabyna bug gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça borçnamalary ýerine ýetirmäge ýardam eder.
Ol iýmit taýýarlamak üçin gerek bolan arassa ýangyja elýeterliligiň ýoklugy zerarly daşky gurşawyň hapalanmagynyň derejesini peseltmäge kömek eder. Biziň taslamamyz gymmat bolmadyk, ýeňil elýeterli energiýany ornaşdyrmagyň hasabyna Owganystanda, Pakistanda we Hindistanda energetika garyplygy azaltmaga kömek eder – diýip, Amanow aýtdy. Ol gazylyp alynýan baýlyklaryň beýleki görnüşleri bilen deňeşdirilende tebigy gazyň has arassa energiýa bolup durýandygyny we köp ýyllaryň dowamynda geçiş ýangyjy hökmünde köp ýyllaryň dowamynda ulanylyp bilinjekdigini ýatlatdy.
Amanowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan energiýanyň dikeldilýän çeşmeleriniň ulanylmagyny we energiýanyň täze, ekologiýa taýdan arassa önümçilikleriniň ornaşdyrylmagyny goldaýar. 2022-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti 2022-2023-nji ýyllar üçin wodorod energetikasy ulgamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça Ýol kartasyna gol çekdi. Zerur bolanda TOPH gaz geçirijisi tebigy gazyň we wodorodyň garyndysyny hem iberip biler. Şeýlelikde, taslama kompaniýasy birnäçe daşarky wakalar zerarly gijikdirilmä garamazdan, düýpli ösüşleri gazandy diýip, Amanow belledi. Taslamanyň mäkäm ykdysady esaslandyrmasy saklanyp galýar: Pakistanda we Hindistanda TOPH-nyň gazyna ýokary isleg bar we Türkmenistan ony amatly bahadan iberip bilýär.
— Pariž ylalaşygynyň maksatlaryna ýetmekde we TOPH ýurtlarynyň ekologiýa durnuklylygyny mundan beýläk hem ýokarlandyrmakda, taslamanyň СО2 zyňyndylaryny azaltmaga ýardam etjekdigi gürrüňsiz diýip, Amanow belledi. Ol energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň durnukly ösüş bilen berk baglydygyny belledi.
Sözüniň ahyrynda TAPI Pipeline Company Ltd kompaniýasynyň ýolbaşçysy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sözlerini getirdi: «
В заключение своего выступления руководитель TAPI Pipeline Company Ltd процитировал Президента Сердара Бердымухамедова: « Türkmenistan dünýäniň energetika döwletleriniň biri bolmak bilen, döwrüň ýagdaýlaryna we talaplaryna kybap gelýän energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny döretmek meselelerine aýratyn üns berýär. Energiýanyň gymmat däl, ygtybarly, ekologik taýdan arassa çeşmelerine giň mümkinçilikleriň bolmagy ähli ýurtlaryň okgunly ösmegi, halklaryň abadançylygy üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar».
Yragyň wekiliýeti «Türkmengaz» DK bilen türkmen tebigy gazyny satyn almagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylygy bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Yragyň wekiliýetine Energetika ministriniň orunbasary Adil Karim Kak Ahmed we nebit ministriniň orunbasary Ezat Sabir Esmail ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda ýedi aýda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy
27-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Palestinanyň daşary işler ministri özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
Penşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikiniň arasynda geçirilen duşuşykda özara bähbitli türkmen-palestina ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň barlygy maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy
2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% boldy. Bu barada maglumat geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň DIM-niň wekilleri söwda, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-Malaýziýa DIM-leriniň arasynda onlaýn görnüşde geňeşmeler geçirildi. Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.