Institutyň durky döwrebaplaşdyrylan binasy we täze ýaşaýyş jaýlary dabaraly açyldy
Balkan welaýatynda üstünlikli amala aşyrylýan taslamalar, alnyp barylýan dürli maksatly gurluşyklar, öňden bar bolan ymaratlaryň durkunyň döwrebaplaşdyrylmagy bu sebitiň ýurdumyzyň möhüm künjegine öwrülmegine giň ýol açýar. Geçen hepdäniň çarşenbe güni «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkana
Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan çykyşlarda nygtalyşy ýaly, ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň depginli ösüşini üpjün etmekde we bu binýatlyk ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda amala aşyrylýan giň möçberli işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Döredilenine 75 ýyla barabar wagt bol