Türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çekildi
11:03 20.11.2023 8340
17-18-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 17-nji mejlisi energetika we awtoýollaryň gurluşygynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekmek bilen tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Mejlis Toparyň başlyklary - Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygynda geçirildi.
Mejlisiň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalaryň hatarynda — Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran Hökümetara toparynyň 17-nji mejlisiniň Teswirnamasy; Mary (Türkmenistan) - Maşat (Eýran) elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň maliýeleşdirilmegini ýola goýmak hakynda “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, “Tawanir” kompaniýasynyň we “Sanergy Pishro Export and Energy Promotion” kompaniýasynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşygy; Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministrliginiň arasynda «Gumdag-Etrek-Eýran serhedi» awtomobil ýoluny gurmak barada Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama bar.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň we Eýranyň wekilleri söwda-ykdysady, ulag we logistika, nebit-gaz, senagat, oba we suw hojalygy, maýa goýum we standartlaşdyryş pudaklaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we Hökümetara toparyň öňki mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişini seljerdiler.
Ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda türkmen tarapy “Körpeje-Gurtguýy” ugry boýunça Eýran Yslam Respublikasyna ugradylýan türkmen tebigy gazynyň möçberlerini artdyrmaga taýýardygyny nygtady.
Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesinde türkmen tarapy “Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” ulag-üstaşyr geçelgesiniň işjeňleşdirilmeginiň wajyplygyna ünsi çekdi. Bu babatynda türkmen tarapy taslamany amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň oňyn tejribesiniň bardygyny, häzirki wagtda bolsa, ulag geçelgesiniň ýokary netijelilige eýedigini bellemäge esas berýändigini nygtady.
Söwda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine ünsi çekmek bilen, türkmen tarapy türkmen-eýran serhetiniň aýry-aýry böleklerinde söwda-ykdysady zolaklaryň döredilmegi baradaky teklibi öňe sürdi.
Taraplar iki ýurduň sebitleriniň arasynda, şeýle hem ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk hem-de daşky gurşawy goramak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Yragyň wekiliýeti «Türkmengaz» DK bilen türkmen tebigy gazyny satyn almagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylygy bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Yragyň wekiliýetine Energetika ministriniň orunbasary Adil Karim Kak Ahmed we nebit ministriniň orunbasary Ezat Sabir Esmail ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda ýedi aýda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy
27-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Palestinanyň daşary işler ministri özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
Penşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikiniň arasynda geçirilen duşuşykda özara bähbitli türkmen-palestina ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň barlygy maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy
2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% boldy. Bu barada maglumat geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň DIM-niň wekilleri söwda, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-Malaýziýa DIM-leriniň arasynda onlaýn görnüşde geňeşmeler geçirildi. Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.