Türkmenistan giň gerimli nebitgaz taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär
10:36 16.12.2023 6735
Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnama laýyklykda, ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny gazanmagy, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi hem-de onuň halkara ykdysady gatnaşyklary ulgamyna goşulmagyny ugur edinýän giň gerimli nebitgaz taslamalary amala aşyrylýar.
Syýasy we ykdysady durnuklylyk, amatly maýa goýum ýagdaýyny üpjün etmek üçin döredilen möhüm şertler dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalaryny Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga çekýär.
Häzir «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebit serişdeleri dürli tapgyrlarda işlenip taýýarlanylýan 30-dan gowrak ýataklarda jemlenen. Hereket edýän nebitgaz guýularynyň sany 2 müň 300-den gowrak bolup, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki uglewodorod serişdeleriniň mukdary nebit görnüşinde 18,2 milliard tonna möçberde kesgitlenildi.
Sebitiň we tutuş Aziýanyň nebitgaz bazarynda uly orun eýeleýän Türkmenistanda köp wagtdan bäri özleşdirilýän ýataklarda baryp ýetmesi kyn bolan nebiti çykarmak hem-de uly çuňlukdaky nebitli gatlaklary özleşdirmek üçin işläp taýýarlamaga girizmek boýunça tutuş tehnologik önümçiligi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýar, şeýle hem döwrebap tehnikalar we ýokary netijeli enjamlar giňden ulanylýar.
«Türkmennebit» döwlet konserni dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden satyn alnan täze buraw desgalarynyň we enjamlarynyň toplumyna eýe bolup, çuňlugy ýedi müň metrden gowrak bolan guýulary burawlamak mümkinçiligini aldy. Mysal üçin, 2017-nji ýylda Hazar deňziniň kenarynda, Uzynada ýatagynda konserniň öz güýji bilen Merkezi Aziýa sebitinde iň çuň — 7 müň 150 metre deň bolan guýy burawlanyp, ondan bir gije-gündizlik çykymy 200 tonna we gazyň 500 müň kub metrine barabar bolan nebit kondensatynyň senagat akymy alyndy. Häzir ýatakda agzalan netijeleri almak bilen, senagat gerimlerinde özleşdirilýän täze guýularyň eýýäm ondan gowragy burawlandy.
Ýakynda Uzynada ýatagynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Goturdepe we Ekerem buraw işleri müdirlikleriniň hünärmenleri tarapyndan buraw işleriniň geçirilmegi netijesinde 78-nji we 82-nji guýularda 62 müň 655 — 62 müň 659 metr we 62 müň 654 — 62 müň 658 metr çuňluklardan gaz kondensatynyň täze akymy alyndy.
Körpeje buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri hem Uzynada ýatagynyň 74-nji guýusynda buraw işlerini üstünlikli tamamladylar, bu ýerde 62 müň 662 metrden 62 müň 668 metre çenli çuňlukda gaz kondensatynyň ýatagy tapyldy. Häzirki wagtda 76-njy we 83-nji guýular işjeň ulanylýar.
Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýalpaklygynyň golaýynda ýerleşen bu ýatagyň işlenip taýýarlanylmagy uglewodorodlary Türkmenistanyň diňe gury ýerinde gözläp tapmak üçin uly mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, Hazar deňziniň ýalpaklygynyň özünde täze ýataklary tapmak mümkinçiligini ençeme esse artdyrýar. Bu bolsa, öz nobatynda, geljegi uly bolan lisenziýaly bloklary özleşdirmekde daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegini artdyrýar.
Gazylyp alynýan uglewodorod çig malynyň möçberini artdyrmak, şeýle hem maýa goýumlaryny çekmek üçin Türkmenistanda degişli kanunlar bilen berkidilen, zerur bolan hukuk gurallary we şertleri döredildi.
«Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny halkara hukuk binýadyna esaslanyp, maýadarlar üçin amatly şertleri kesgitleýär, salgydyň diňe bir görnüşini — girdeji üçin salgydy hem-de tebigy serişdeleri ulanmak hukugy üçin 2 — 3 tölegi göz öňünde tutup, maýadarlary beýleki hökmany töleglerden, ýygymlardan, paçlardan boşadýar.
Bularyň hemmesi daşary ýurt kompaniýalaryny Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga çekýär. Mysal üçin, «Türkmennebit» döwlet konserni uzak döwrüň dowamynda «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.», «Eni», «Mitro International», «Yug-Neftegaz», «Tatneft» APJ, Hytaýyň Nebithimiýa Korporasiýasynyň (SINOPEC) ýanyndaky Halkara Nebit Serwis Kompaniýasy, «Sсhlumberger» we beýlekiler bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.
Mysal üçin, diňe Birleşen Arap Emirliklerinden bolan, 1999-njy ýylyň 10-njy noýabrynda gol çekilen Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyga laýyklykda «Çeleken» şertnamalaýyn çäkde ýerleşen Jeýtun we Jygalybeg ýataklarynda nebit amallaryny amala aşyrýan «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.» kompaniýasy taslama ABŞ-nyň 8 milliard dollaryndan gowrak maýa goýdy we şol ýerden 54 million tonnadan gowrak nebit çykardy.
Ýurduň baý tebigy serişdeleri, Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar hem-de hyzmatdaşlaryň ynamyny berkidýär, daşary ýurt kompaniýalaryny türkmen tarapy bilen baglaşan şertnamalaryny uzaltmaga höweslendirýär. Muňa mysal hökmünde öňde ady agzalan «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.» kompaniýasyny görkezmek bolar, ol 2022-nji ýylyň iýulynda Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygy 2035-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli uzaltdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň açyk daşary syýasaty yzygiderli alyp barmagy, nebitgaz pudagynda iri taslamalaryň, şol sanda halkara ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde, dünýäde ägirt uly ykdysady we adam maýasy bolan, ählumumy parahatçylyga we ösüşe ymtylýan döwlet hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraýy günsaýyn artýar.
Yragyň wekiliýeti «Türkmengaz» DK bilen türkmen tebigy gazyny satyn almagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylygy bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Yragyň wekiliýetine Energetika ministriniň orunbasary Adil Karim Kak Ahmed we nebit ministriniň orunbasary Ezat Sabir Esmail ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda ýedi aýda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy
27-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Palestinanyň daşary işler ministri özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
Penşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikiniň arasynda geçirilen duşuşykda özara bähbitli türkmen-palestina ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň barlygy maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy
2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% boldy. Bu barada maglumat geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň DIM-niň wekilleri söwda, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-Malaýziýa DIM-leriniň arasynda onlaýn görnüşde geňeşmeler geçirildi. Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.