Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

08:10 06.01.2024 8099

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/9580/original-16597b0a0d4812.jpg

Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy diýip, TDH habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Kerman şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylykly hereket baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem bu pajygaly waka zerarly Size we doganlyk eýran halkyna çuňňur gynanç bildirýär diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Dostlukly ýurduň Lideri Eýranyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan şu agyr pursatda medet beriji sözleri we goldawy üçin hoşallyk bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi öz adyndan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa pajygaly waka zerarly goldaw we medet beriji sözleri üçin hoşallygyny ýetirmegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki halkyň arasyndaky taryhy we medeni gatnaşyklaryň gadymdan gözbaş alýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda ikitaraplaýyn görnüşde we halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy nygtaldy.

Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk, ýeňil senagat, oba hojalygy, gaýtadan işleýän pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Başga makalalar
161c96b7e8e581.jpeg
«Nebitgazçykaryş»: 11 aýda 503 sany guýy abatlanyldy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň «Nebitgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri 2021-nji ýylyň başyndan bäri ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Kärhana ýanwar-noýabr aýlarynda 503 sany guýyny abatlap, ulanyşa girizdi.


1650968b05727d.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


166cec65878b37.jpg
Türkmenistanyň wekiliýeti Tatarystanda Nebitgazhimiýa forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilleri RF-niň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda gurnalan Türkmen-Tatar Bilelikdäki iş toparynyň mejlisine we Nebitgazhimiýa forumyna gatnaşdy diýip, THP habar berýär.


1637db36cca419.jpeg
Suwuklandyrylan gaz, awiakerosin we dizel ýangyjy TDHÇMB-niň walýuta geleşikleriniň esasyny düzdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.


161c96b2237a43.jpeg
Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 90 million dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.