Türkmenistanyň Prezidentiniň COP28-de öňe süren milli garaýyşlary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde neşir edildi
11:21 10.01.2024 7248
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 1-2-nji dekabrynda Dubaý şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna (COP28) gatnaşyjylaryň maslahatynyň ýigrimi sekizinji mejlisinde eden çykyşyndaky howanyň üýtgemegi we daşky gurşawyň howpsuzlygy baradaky milli garaýyşlaryň beýany, Baş Assambleýanyň 78-nji mejlisiniň resmi resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde neşir edildi we ýaýradyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Resminamanyň doly tekstini aşakdaky salgyda tanyşyp bilersiňiz: https://undocs.org/Home/Mobile?FinalSymbol=A/78/676.
Beýannama Baş Assambleýanyň häzirki mejlisiniň gün tertibiniň “Adamzadyň häzirki we geljekki nesilleriniň bähbidine global howany goramak” hem-de “Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk zolagy” bentleri boýunça neşir edildi.
Bu resminamada, hususan-da, Türkmenistanyň Global Metan borçnamasyna goşulmagy we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) bilen bilelikde BMG-niň Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi tehnologiýalary Sebit merkeziniň Türkmenistanda açylmagy üçin kanuny esas döredilendigi barada habar berilýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda suwuklandyrylan gaz we dizel ýangyjy öň hatarda boldy
Suwuklandyrylan gaz (her tonnasy 353 dollar) we Л-0,5-62 kysymly dizel ýangyjy (her tonnasy 585 dollar) anna güni, 7-nji iýulda birža söwdalarynda uly islegden peýdalandy.
Prezident «Türkmengeologiýa» DK-nyň geologiýa gözleeg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär
Geçen şenbe güni Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýolbaşçysynyň hem-de agzalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda toparyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenen dalaşgärleri bellige almak meselesi girizildi.
Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň Konseptual strategiýasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy işlenip düzülýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebiti gaýtadan işleýän senagaty kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler we ugurdaş, uzak möhletli iş meýilnamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Hökümet mejlisinde gaz pudagynda sanlylaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy
17-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.