“Türkmengaz” DK: täze guýular “mawy ýangyjyň” uly akymyny berdi

15:27 11.01.2024 9394

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/9624/original-1659fb18c8fe87.jpg

“Türkmengaz” döwlet konserniniň gazçylary 2023-nji ýyly ähli görkezijiler babatda ýokary netijeler bilen jemlediler we 2024-nji ýyly uly zähmet üstünlikleri bilen garşy aldylar.

Täze ýylyň öňüsyrasynda “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň burawçylary Mary welaýatynda ýerleşen Ýylan gaz känindäki N2 ulanyş-bahalandyryş guýusyndan tebigy gazyň senagat akymyny aldylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň sebitlerinde tebigy gazyň täze känlerini açmak, olary senagat taýdan özleşdirmek, şeýle hem uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmak boýunça anyk wezipeleri goýýar. “Türkmengaz” DK tarapyndan işlenilip düzülen Maksatnamalaýyn meýilnama laýyklykda, “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň gazçylary birwagtda üç sany täze  gaz käninde buraw işlerini ýola goýdular. Olar Mary welaýatynda ýerleşen Şerepli, Kelleli, Ýylan känleridir. Ulanyş-bahalandyryş guýularyny burawlamagyň netijesinde tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy.

Şeýlelikde, 2856-dan 2852 metr aralykda Ýylan känindäki N2 guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Bu gazçylaryň birnäçe aýlap yhlasly zähmetiniň netijei boldy.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, guýudan her günde sekiz ýüz ýigrimi müň kub metr töweregi tebigy gaz çykarylýar. Şol bir wagtda täze gaz käniniň önüminiň esasy ýaratynlygy “mawy ýangyjyň” düzüminiň arassalygydyr, düzüminde kükürt wodorod garyndysynyň ýoklugydyr. Bu guýudan çykarylýan tebigy gazyň dünýä standartlaryna laýyklygyny şertlendirýär.

Başga makalalar
164e8574a131f2.png
Yragyň wekiliýeti «Türkmengaz» DK bilen türkmen tebigy gazyny satyn almagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylygy bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Yragyň wekiliýetine Energetika ministriniň orunbasary Adil Karim Kak Ahmed we nebit ministriniň orunbasary Ezat Sabir Esmail ýolbaşçylyk etdi.


164ec3fdd19f66.jpg
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda ýedi aýda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy

27-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.


164e880be73b68.jpg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Palestinanyň daşary işler ministri özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Penşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikiniň arasynda geçirilen duşuşykda özara bähbitli türkmen-palestina ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň barlygy maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.


164ec348cdc0d3.jpg
Ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy

2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% boldy. Bu barada maglumat geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.


164e6fdae84031.jpg
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň DIM-niň wekilleri söwda, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-Malaýziýa DIM-leriniň arasynda onlaýn görnüşde geňeşmeler geçirildi. Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.