Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň ulag-kommunikasiýa edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi
05:02 26.01.2024 4551
23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň sanly ulgam işleri boýunça ministri Taro Kono bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda sanly ulgamyň infrastrukturasyny, sanly ykdysadyýeti, maglumat howpsuzlygy, emeli aň, internet, hünärmenleriň taýýarlygy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Taraplar sanly tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ugurlaryny kesgitlediler.
Şeýle-de, Ýaponiýa iş saparynyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalary Ýer, sanagat, ulag we syýahatçylyk ministrliginiň hem-de «NTT Group» we «NEC Corporation» ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Olaryň dowamynda ulag-logistika we kommunikasiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlary boýunça pikir alyşmalar gurnaldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda ýangyç-energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Koreýa Respublikasynda iş saparynda bolýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Türkmenistanda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Türkmenistan maý aýynda Hytaýa gaz ibermelerini artdyrdy
Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistan Hytaýa 2,73 mlrd kub metr tebigy gaz eksport etdi. bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% artykdyr. Bu barada Interfaks HHR-iň Gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.
Seýdiniň NGIZ-de ýarym ýylda 227 müň tonna çig mal gaýtadan işlenildi
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2023-nji ýylyň başky alty aýynda 227,4 müň tonnadan gowrak çig mal gaýtadan işlenildi. Şol bir wagtda önümçilik meýilnamasy 105,6% ýerine ýetirildi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag ýurtlarynyň maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Birinji maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi diýip, TDH agentligi habar berýär.