«The Investor» halkara žurnaly Türkmenistanyň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini açyp görkezer

18:19 21.02.2024 3579

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/9998/original-165d59ee318a02.jpg

20-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Fransiýanyň «Beyond Investments Group» kompaniýasy tarapyndan neşir edilýän «The Investor» halkara neşiriniň direktory Leandro Slowinski bilen geçiren duşuşygynda halkara maglumat giňişliginde Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

L.Slowinski žurnalyň redaskiýasynyň ýurdy halkara işewürler jemgyýetine has-da giňişleýin tanatmak üçin Türkmenistanyň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini öwrenmäge gyzyklanma bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar žurnalyň Türkmenistan barada ýörite sanyny neşir etmek mümkinçiligine garadylar.

“The Investor” žurnalynyň direktorynyň Türkmenistana amala aşyrýan häzirki saparynyň çäginde ýurduň degişli ministrliklerinde we pudak edaralarynda birnäçe duşuşyklary meýilleşdirilýär.

«The Investor» – «Beyond Investments Group» fransuz konsalting we neşirýat kompaniýasynyň düzümine girýän, halkara derejesinde öňdebaryjy işewürlik neşiri bolup durýar. Kompaniýa ösüp barýan bazarlar barada iň soňky maglumatlary bermäge ýöriteleşendir we umumy maýa goýumlary 60 milliard dollardan gowrak bolan 48 ýurtda 165 müňden gowrak maýa goýujylaryň toruna girmäge mümkinçiligi bar.

Başga makalalar
164b8dc1b3084f.jpg
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda ýangyç-energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Koreýa Respublikasynda iş saparynda bolýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.


164be262f93f0a.jpg
Türkmenistanda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


164ba2921783a3.jpg
Türkmenistan maý aýynda Hytaýa gaz ibermelerini artdyrdy

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistan Hytaýa 2,73 mlrd kub metr tebigy gaz eksport etdi. bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% artykdyr. Bu barada Interfaks HHR-iň Gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.


164be50ac614a4.jpg
Seýdiniň NGIZ-de ýarym ýylda 227 müň tonna çig mal gaýtadan işlenildi

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2023-nji ýylyň başky alty aýynda 227,4 müň tonnadan gowrak çig mal gaýtadan işlenildi. Şol bir wagtda önümçilik meýilnamasy 105,6% ýerine ýetirildi.


164b8d6caaf6b1.jpg
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag ýurtlarynyň maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Birinji maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi diýip, TDH agentligi habar berýär.