ÝOKARY NETIJELER GAZANYLÝAR

ÝOKARY NETIJELER
GAZANYLÝAR

Hormatly döwlet Baştutanymyz Gurbanguly                Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 19-njy noýabrynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda ýangyç-energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek, gazylyp alynýan tebigy baýlyklary gözläp tapmak we çykarmak, täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek hem-de dünýä bazarlarynda ýokary islege eýe bolan önümleri öndürmek babatda göz öňünde tutulan taslamalary durmuşa geçirmek baradaky görkezmelerinden ugur alyp zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkanabatdaky Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň hünärmenleri işlerini talabalaýyk guraýarlar. Olar şu günler «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny ýokary önümçilik görkezijilerine beslemek üçin has-da gaýratly zähmet çekýärler. Geçen ýylda buýrujylara agregat hyzmatlaryny ýola goýmak baradaky meýilnama 170 göterimden hem geçirip amal etmegi başaran kärhana täze belentliklere tarap ynamly gadam urýar.

Kärhanada gazanylýan zähmet üstünlikleri onuň maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy bilen hem berk baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirlikde ýöriteleşdirilen tehnikalaryň ýüzlerçesi bolup, olaryň aglabasy sütünleri berkitmek işlerinde esasy orny eýeleýän sementleýji agregatlardyr. Soňky ýyllaryň dowamynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bu müdirlik kuwwatly daşary ýurt ulaglarynda oturdylan täze, has kämil sementleýji agregatlaryň ençemesine eýe boldy. Şonuň netijesinde bu öňdebaryjy müdirlikde geçen önümçilik ýylynda buýrujylara bellenilen meýilnamadan artyk millionlarça manatlyga barabar agregat hyzmatlary ýola goýuldy. Şunda täze gazylýan, şeýle hem düýpli abatlaýyş işleri alnyp barylýan guýularda 28 gezek konduktory, 33 gezek aralyk sütünleri we 23 gezegem ulanyş sütünlerini berkitmek işleri üstünlikli amala aşyryldy.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993