Gazçylaryň ýakyn ýardamçylary
Bu kärhananyň derwezesi hemişe diýen ýaly
açyk durýar. Sebäbi gije-gündiziň islendik wagtynda giň derwezeden köpsanly
ulaglar daşary çykýar ýa-da ondan içeri girýär. Ine, sürüjileriň birnäçesi üsti
ýükli awtoulaglaryna atlanyp, Üňüz aňyrsyndaky Garagumuň aňňat-aňňat gum
depeleriniň arasynda ýerle
— Kärhanamyzda dürli kysymly ulaglaryň
300-den gowragy bolup, olaryň abat we saz ýagdaýda bolmagy, buýurmalaryň
bellenilen möhletinde, gowy hilli ýerine ýetirilmegi ugrunda yhlasly işleýäris.
Işlerimiziň örüsi bolsa örän giň. Ol müdirligimize degişli ähli gaz ýataklaryny
öz içine alýar. Sürüjiler