15f359c043f745.png
Möwsüme taýýarlyk ýaýbaňlanýar
26.08.20 - 16:41

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň etrap hem-de şäher gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary sarp edijileri ýylyň bütin dowamynda tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýylda-da tutanýerli zähmet çekýärler. Olar häzir «mawy ýangyjyň» köp sarp edilýän döwri bolan güýz-gyş möwsümine taýýarlyk işlerini giň gerimde alyp barýarlar.


15f359aaed5401.png
Baýlyk agtaryjylaryň göreldesi
26.08.20 - 16:32

— Ata Watanymyzyň gülläp ösmegini gazanmak, Türkmenistany dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmak, ahyrky netijede bolsa, ilatyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň özenini düzýär. Şeýle il-ýurt bähbitli işe ekspedisiýamyzyň agzybir we başarjaň işgärleri ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar hem-de gowy iş görkezijilerini gazanýarlar. Oňa üstümizdäki ýylyň geçen alty aýynda gazanylan önümçilik görkezijilerimiz hem aýdyň subutnama bolup biler.


15f3599f0877ec.png
Abatlaýjylaryň ýokary önümçilik görkezijileri
26.08.20 - 16:24

Uglewodorod çig malyna baý ýataklardan alynýan «gara altynyň», «mawy ýangyjyň» möçberini durnukly artdyrmak milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynyň baş wezipesidir. Bu möhüm wezipe «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Onda tebigy ýataklaryň ýerasty gurluşyny ylmy esasda anyklamak, uglewodorod çig mallarynyň gorlarynyň jemlenen ojaklaryny ýüze çykarmak, olary ylmyň gazananlaryna hem-de öňdebaryjy tejribelere daýanyp, senagat taýdan özleşdirmek we durmuşa geçirmek anyk kesgitlenilýär.


15f359916702ca.png
Suwçularyň tagallalary ýerine düşýär
26.08.20 - 16:22

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhas bilen amala aşyrýan dünýä nusgalyk işlerinden barha rowaçlyklara beslenýän ata Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň nebitgaz pudagynyň iri önümçilik düzümi bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň uglewodorod çig mallaryny çykaryjylaryny tehniki-önümçilik suwlary bilen ygtybarly üpjün etmek Suw üpjünçilik müdirliginiň paýyna düşýär. Ägirt uly işleri bitirýän merdana nebitçileriň maşgalalarynyň ýaşaýan ilatly nokatlarynyň aglabasynyň arassa agyz suwuna bolan islegleri hem hut şu kärhananyň hünärmenleriniň tagallasy bilen kanagatlandyrylýar.


15f359818c4fdb.png
Maýa goýum ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
26.08.20 - 16:43

2020-nji ýylyň 8-nji iýulynda nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem işjeňleşdirmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylarynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň «Somo Al Mamlakah» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk guraldy.


Ýurdumyzda nebitgaz senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanylýar
26.08.20 - 16:42

Türkmenistan ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli düzümi döretmegiň hasabyna energetika ulgamynda uzak möhletli durnuklylygy gazanmak, sarp edijileriň ykdysady taýdan amatly, ekologiýa taýdan arassa energiýa serişdelerine giň elýeterliligini üpjün etmek üçin Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryny ýakynlaşdyrmak pikirini yzygiderli öňe sürýär.


15f35977135627.png
Talyp ýaşlaryň önümçilik tejribelikleri
26.08.20 - 16:52

Häzirki döwürde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamy hem-de halk hojalygymyzyň beýleki pudaklary üçin ýaş hünärmenler taýýarlanylýar.


15f3596fb9c65a.png
Gumdagly nebitçileriň batly gadamlary
26.08.20 - 16:44

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde soňky ýyllarda amala aşyrylýan işler özüniň juda netijeliligi bilen tapawutlanýar. Bu baýry, şol bir wagtyň özünde-de, düýpli täzelenişi başdan geçirýän kärhanada hereket edýän guýulardan alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Türkmen topragynyň genji-käni bolan «gara altynly» ýataklary gözläp tapmak we olary senagat taýdan özleşdirmek işi bu hazynalar mesgeninde 1948-nji ýylda başlandy.


15f35952bd1e4f.png
Türkmen-koreý hökümetara toparynyň duşuşygy
26.08.20 - 16:36

2020-nji ýylyň 24-nji iýunynda nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.


15f3592e5b2227.png
Milli senagatymyzyň kerwenbaşysy
14.08.20 - 05:22

Dünýäniň ykdysady babatda güýçli depginde ösýän döwleti hökmünde ykrarnama eýe bolan türkmen Diýarynda uglewodorod çig mallaryny durnukly çykarmak, nebitdir gazy gaýtadan işläp, olary ýokary hilli harytlara öwürmek, iň bir kämil enjamlardyr tilsimatlary önümçilikde netijeli peýdalanmak bilen bu ulgamyň kärhanalarynyň tehniki binýadyny düýpli pugtalandyrmak, önümçilik düzümlerini ygtybarly döwrebaplaşdyrmak yzygiderli alnyp barylýar.


15f35925537811.png
Täze tehnikalar gelip gowuşdy
14.08.20 - 05:20

Hormatly Prezidentimiziň doglan gününiň öňüsyrasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tamponaž müdirligine Russiýa Federasiýasyndan döwrebap ýöriteleşdirilen sementleýji tehnikalaryň täze tapgyry gelip gowuşdy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, nebitgaz ulgamyndada häzirki zamanyň iň täze tehnologiýalaryny giňden ulanmak, önümçilige dünýä tejribesini ornaşdyrmak baradaky tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.


15f359182c400f.png
Başarnygy bilen adyganlar
26.08.20 - 03:42

Malaý «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň iri gaz känleriniň biridir. Bu ýatakdan indi köp ýyllardan bäri tebigy gaz uly möçberde gazylyp alynýar. Guýulardan önüm alnyşyny artdyrmak, işleri täze talaplara laýyklykda guramak maksady bilen bu ýerde tutumly işler ýaýbaňlandyrylýar. Olaryň hatarynda gaz käninde oturdylan ölçeg hem-de barlag enjamlaryny we olaryň işine gözegçiligi amala aşyrýan ulgamy täzelemek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleri görkezmek bolar.


15f3590c4e240c.png
Arkalaşykly işiň miwesi
14.08.20 - 05:13

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Tomponaž müdirliginiň kämil tehnologiýaly, döwrebap ýöriteleşdirilen awtoulaglaryna döwletimiziň dürli künjeklerindäki gaz känlerinde ýygy-ýygydan gabat gelmek bolýar. Çünki kärhananyň önümçiligi burawlaýjylaryň, gaz çykaryjylaryň tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak üçin meýdançalarda geçirýän işleri bilen pugta baglanyşykly.


15f358f6fcba4b.png
«Şatlyk» önümçilik edarasynda
14.08.20 - 05:08

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň işçi-hünärmenleri «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň her bir aýyny netijeli zähmet üstünliklerine besleýärler. Mälim bolşy ýaly, bu müdirligiň agzybir işgärleri Daşoguz welaýatynyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün etmek bilen bir hatarda, Döwletabat-Derýalyk gaz geçirijisiniň ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem öwgä mynasyp işleri alyp barýarlar.


15f358e4bce91c.png
Geofizikleriň ynamly gadamlary
14.08.20 - 05:06

Hormatly Prezidentimiziň kabul edýän taryhy kararlarydyr çözgütlerine laýyklykda, ata Watanymyzyň nebitgaz toplumynyň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna, tezeçil tehnologiýalary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary önümçilige içgin ornaşdyrmak esasynda pudaklaýyn düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi özüniň oňyn netijelerini berýär.