Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gabatlanan çäre geçirildi

Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gabatlanan çäre geçirildi

5-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gabatlanan çäre geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Foruma Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew gatnaşdylar.

Duşuşygyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçýän günlerinde guralmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň soňky ýyllarda geçirilen konsultatiw duşuşyklary sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek, häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan we uzak möhletli geljekden ugur alyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek babatda bu formatyň netijeli häsiýete eýedigini görkezdi.

.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow forumy açyp we belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, hemmelere BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň şu duşuşyga gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu forum Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň doganlyk Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriljek ýedinji konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk tapgyry bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşyny tamamlap, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordeni bilen sylaglamak barada karara gelnendigini aýtdy we Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyny okady.

Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Türkmenistanyň döwlet sylagy bilen sylaglamak dabarasy boldy. Özbegistanyň Baştutany bu ýokary sylaga dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilelikdäki bähbitlerini, başlangyçlaryny halkara bileleşikde ilerletmekde bitiren uly hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993