Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

7-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Mark Pommerşaýmyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda ABŞ-nyň wekiliýetiniň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşandygy üçin amerikan tarapyna minnetdarlyk bildirildi. Wekiliýetiň LLDC3-e gatnaşmagy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenildi.

Taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu ýylyň dowamynda syýasy geňeşmeleri geçirmäge gyzyklanma bildirildi.

Mundan başga-da, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän goşmaça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993